Berlin: Berdimuhamedow Merkel bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), Berlin, 29-njy awgust, 2016.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň 29-njy awgustda Berlinde geçiren gepleşikleriniň yz ýany žurnalistlere aýtmagyna görä, olar ýurtlaryň özara ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri, şol sanda energiýa pudagyna degişli temalary ara alyp maslahat edipdir.

Adam hukuklary

“Şeýle-de kansler Angela Merkel adam hukuklary meselesiniň, hususan-da daşary ýurtly diplomatlaryň türkmen türmelerine baryp görmegine we Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekilini ombudsmeni bellemegine degişli meseleleriň hem gozgalandygyny habar berdi”, diýip metbugat-konferensiýasyna gatnaşan Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Farruh Ýusufi aýdýar.

Emma onuň sözlerine görä, Azatlyk Radiosynyň türkmen prezidentinden öz habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň geçen ýylda Türkmenistanda tussag edilenden soňky ykbaly barada sorag bermegine ýol berilmändir.

Şol bir wagtda-da Reuters agentliginiň žurnalistiniň Türkmenistan öz türmelerine daşary ýurtly diplomatlaryň baryp görmegini nähili üpjün etmekçi, diýip beren sowalyna Berdimuhamedow şeýle diýipdir:

“Ol adam hukuklary ugrunda örän köp işiň edilýändigini aýtdy we ‘siz maňa aýdyň, dünýäniň haýsy bir ýurdunda gaz, elektrik togy we kommunal hyzmatlary mugt? Aýdyň’ diýip, ol ýurtda adam hukuklarynyň şeýdip üpjün edilýändigini görkezmäge çalyşdy” diýip, Farruh Ýusufi aýtdy.

Günüň dowamynda Germaniýanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşyk geçiriler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowyň we Germaniýanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasyndaky duşuşygyň netijesinde, hususan-da, ykdysady hyzmatdaşlyk barada dokumente gol çekilmegine garaşylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowdan bir gün öň Germaniýa baran türkmen delegasiýasy Berlinde “Adlon” atly iň gymmatbaha we kaşaň myhmanhanasynda ýerleşdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen resmileri bilen gepleşmäge synanyşanda, Daşary işler ministri gepleşmekden ýüz öwürdi. Reşit Meredow özüniň dynç almak üçin otagyna barýandygyny, žurnalistiň bolsa onuň hukugyny depeleýändigini aýtdy.

Reşit Meredow

Munuň yz ýany myhmanhananyň resmileri Azatlyk Radiosynyň habarçysyndan bu ýeri terk etmegini soradylar.

Şeýle-de, 29-njy awgustda Berlinde türkmen-german biznes-forumy geçiriler. Bu çärä Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Garaşsyz bilermenler Türkmenistanyň prezidentiniň Germaniýana saparynyň esasy maksadynyň ykdysady we biznes meseleleri bilen baglydygyny aýdýarlar. Germaniýanyň birnäçe iri kompaniýasy Türkmenistanda 20 ýyla golaý wagt bäri işleýärler we ýurduň telekommunikasiýa, nebit-gaz, saglygy saklaýyş, senagat we beýleki pudaklarynyň ençemesinde millionlarça dollarlyk onlarça iri proýekti amala aşyrýarlar.

Protest aksiýasy

Protestçi, Berlin, 29-njy awgust, 2016.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikleriň geçirilen wagtynda kansleriň edarasynyň öňünde ýerli ýaşaýjylar protest geçirdiler. Protestçiler "Prezident daşary ýurtlara çykmaly-da, beýlekiler dälmi?" diýen mazmunly şygary tutup durdular.

Türkmenistanyň prezidentiniň Germaniýa saparynyň dowamynda, türkmen-german gatnaşyklaryna degişli meseleleriň günüň aýagynda “Maritim” myhmanhanasynda nahar başynda maslahat ediljekdigi aýdylýar.