Türkmen mergeni Marat Nyýazowyň agtygy ýardam gözleýär

Nazar Nyýazow (Onuň öz sahypasyndan alnan surat)

Türkmenistanly 27 ýaşly Nazar Nyýazow böwregindäki näsazlygy operasiýa etmek üçin pul toplaýar.

Nazar Türkmenistanyň tanymal olimpiadaçy sportsmeni, 1960-njy ýylda Rim olimpiadasynda kümüş medal gazanan Marat Nyýazowyň agtygy.

Azatlyk Radiosy Nazar Nyýazow bilen söhbetdeş bolup, onuň öz ýagaýy barada gürrüň bermegini sorady.

Nazar Nyýazow: Meniň keselim gramironefrit. Bu keselden böwrekler ýuwaş-ýuwaş iş ukybyny ýitirýär we soň işlemän galýar. Şu sebäpden men indi gemodialezde. Her hepdede üç gezek dört ýarym sagatlap ganymy arassalaýarlar. Bu emeli böwrek apparaty.

Azatlyk Radiosy: Siz bu medisina kömegini nirede alýarsyňyz?

Nazar Nyýazow: Men Belarusyň Grodno şäherinde ýaşaýaryn. Bu aýalymyň dogduk ýeri. Bu ýerde böwrek oturtmak üçin nobata durmaga mümkinçilik bar, Türkmenistanda bolsa organlaryň banky ýok.

Azatlyk Radiosy: Keseliňiz haçan anyklandy?

Nazar Nyýazow: Men Belarusda keselledim. Bu agyr anginanyň netijesinde emele geldi. Emma doktorlar munuň dogabitdi keseldigini we anginanyň onuň ýüze çykmagyna itergi berendigini aýdýarlar. Men Minskiniň döwlet lingwistik uniwersitetinde okan wagtymda, studentleriň umumy ýaşaýyş jaýy üçin medisina barlagynda geçmeli boldum. Şonda böwregimde kemçiligiň bardygy we keseliniň güýçlenýändigi anyklandy. Men bu ýerde aýalym bilen tanyşdym. Durmuş gurup, Türkmenistana bardyk. O ýerde iki ýyl ýaşadyk. Keselim güýçlenensoň Belarusa gaýdyp, bu ýerde nobata durmak kararyna geldik.

Marat Nyýazow agtygy Nazar bilen

Azatlyk Radiosy: Nazar, siziň ataňyz meşhur türkmen sportsmeni, dürli ýaraglarda ok atmak boýunça köp gezek dünýä çempiony bolan, 1960-njy ýylda Sowet Soýuzyna kümüş olimpik medal getiren Marat Nyýazow. Ataňyzyň sportdan soňky durmuşy nähili boldy? Ýadyňyzda galan zatlar näme?

Nazar Nyýazow: Meniň atam açyk adamdy. Men çagakam, 1993 ýa-da 1994-nji ýylda ony Filippinlere trener bolup işlemäge çagyrdylar. Atam 13 ýyldan soň Aşgabada dolanyp geldi, pensiýa çykmaga wagt ýetdi diýdi. Emma ol pensiýa çykmady, ony 50-nji mekdebe trener bolmaga çagyrdylar. Şol mekdepde tir bardy we ol ýaşlar bilen işledi. 2008-nji ýylda atam Türkmenistanda “Güýz” atly filmiň surata düşürilmegine gatnaşdy. Bu filmi internetde tapmak mümkin. Atam maňa maşyn sürmegi öwretdi we Belarusa okuwa iberdi. Atam men bilen agamyň okuwyny töledi.

Azatlyk Radiosy: Nazar, ataňyz sizi sporta çekjek bolmadymy?

Nazar Nyýazow: Elbetde, atamy tire alanlarynda ol meni hem çekdi. Umuman, mende sporta, ok atmaga çagalykdan höwes bardy. Öýde dürli ýaryşlardan suratlar, atamyň gazanan medallary köpdi. Atam meni her sapar ýany bilen tire alyp barýardy. Dürli ýaraglar barada gürrüň berýärdi. Ok atmagy öwredýärdi. Meniň görkezijilerim erbet däldi. Emma men düýrmegim bilen sporta gitmedim. Lingwistika kärini saýlap aldym.

Nazar häzirki wagtda böwregini işletmek boýunça gemodialez bejergisini alýandygyny we pul toplaýandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Nazar Nyýazow pul toplamak üçin internetde ýörite hasap açdy. Şol hasaba girmek üçin şu sepe basyň.

(https://www.generosity.com/medical-fundraising/save-love-kidney-transplantation-for-nazar)