Türkiýedäki gyrgyz migrantynyň heläkçiligi

Arhiwden alnan surat. Onuň waka bilen arabaglanyşygy ýok.

Türkiýede işleýän Gyrgyzystanyň raýaty bile ýaşaýan ýoldaşynyň pyçak ýarasyndan, agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi. Beýleki bir gyrgyz maşgalasy bolsa öz ýoldaşyny öldürmekde güman edilip, polisiýanyň derňew gabawhanasynda saklanýar.

Beýle ýaramaz ýagdaý işçi migrantlarynyň alaçsyz hereketinden hem kanuny bilmezlikden döreýär diýilýär.

Şübhe bildirilýän Hanzada

Türkiýäniň Maşgala hem sosial syýasat ministrliginiň barlaglaryna görä, geçem ýylyň dowamynda aýallaryň 35% maşgala sütemine duçar bolupdyr. Aýratyn-da, zähmet migrantlary bolan aýallar süteme köp sezewar bolupdyr.

Ýöne beýle ýagdaýy jemgyýetçilige ýetirip bolanok, olaryň köpüsinde nika baradaky şahadatnama, hemişelik iş ýeri bok. Esasy sebäp bolsa hukuk meselesi boýunça sowatsyzlykdyr.

Golaýda Gyrgyzystandan bolan 26 ýaşly Hanzada Konýa şäheriniň ýaşaýjysy Muammer Başaky öldürenlikde şübhe bildirilip saklandy. Sorag edilende, ol Türkiýä iş gözläp gelendigini, ýöne seksual gulçulyga düşendigini aýtdy. Ölüm wakasynyň bolan güni bile ýaşaýan ýoldaşy serhoş gelip, ony ýenjipdir. Türk neşiri Habertürkiň maglumatyna görä, ol maşgala ezişe çydaman, ony bogup öldürendigini boýun alypdyr.

Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň wekili şübhe bildirilýän maşgala bilen duşuşan hem bolsa, oňa ýuridiki taýdan kömek bermekden ýüz öwürdi. Şol wagtda ilçihananyň wekili Türkiýe tarapynyň aklawjysy bilen duşuşyp, derňew işiniň barşy barada maglumat alypdyr.

Gülaýym huşsuz ýagdaýda

Gyrgyzystanyň beýleki bir raýaty Gülaýym Çolponbaýewa indi üç hepdeden bäri Türkiýäniň keselhanasynda huşsuz ýatyr. Ony bile ýaşaşýany Şenol pyçaklandyr diýlip güman edilýär.

Bu waka 3-nji awgust gijesi bolupdyr. Häzir Gülaýym Erzinjan şäheriniň hassahanasynda.

Gülaýymyň ýagdaýy köp wagtlap mälim bolmansoň, dogany Nurjamal Türkiýä gözleg ýollapdyr.

– Ol bolsa 3-nji awgustdan bäri komada, özüni bilmän ýatan ekeni. Mundan üç gün öň ol gözüni açdy. Oňa kimiň beýle hüjüm edenini biz bilemzok. Onuň ýagdaýy örän agyr. Ol gepläp bilmeýär – diýip, dogany Nurjamal aýdýar.

Gülaýymyň ýagdaýy barada Gyrgyzystanyň Türkiýedäki ilçisi Ibragim Junusow şeýle diýdi.

– 8-nji awgustda Ordy şäheriniň klinikasynda Gülaýyma operasiýa edildi. Gynansak-da, ol şol agyr ýagdaýynda ýene Erzinjan şäheriniň hassahanasyna geçirildi. Onuň dogany bolsa Gülaýymy Stambulyň hassahanasyna geçirmegi soraýar. Häzirlikçe ol mümkin däl. Ol ýasama öýkeniň hyzmatyny edýän apparat arkaly dem alýar. Daşary ýurtly bolany üçin, doktorlar oňa aýratyn seredýärler.

Gülaýym göwreli ekeni. Onuň saglyk ýagdaýyna howp abanmaz ýaly, operasiýa wagtynda wraçlar çagany aýyrmaly bolupdyrlar.

Ony pyçaklan bile ýaşaşan ýoldaşy Şenol diýlip çaklanýar. Polisiýanyň maglumatyna görä, Gülaýymyň pyçaklanan güni öýde diňe şol ikisi bolupdyr. Belli bir iş ýeri bolmadyk Gülaýym Şenol bilen Moskwada tanşyp, soň Türkiýä gaýdypdyrlar.

Derňew işiniň ýaşyrynlyk şertlerine görä, polisiýadan başga maglumat alyp bolmandyr.

Ynanjaň migrantlar

Soňky döwürde Internet arkaly iş gözläp, Türkiýä gelýän migrantlaryň sany artýar. Bilermenleriň pikirine görä, dil bilmezlik hem iş berjek adamyň ýagdaýyna doly belet bolmazlyk migrantlaryň agyr ýagdaýa uçramagyna sebäp bolýar.

Köp migrantlar tötänleýin duşuşyklara ýa-da Internet reklamasyna ynanýarlar. Diňe ,,tora” düşenden soňra aldananyny bilýärler. Aýratyn-da bu seksual gulçulyga uçraýan ýaş gyzlara bildirýär.

Aýallara garşy edilýän zorluk bolsa Türkiýede barha ösýär. Şu ýylyň diňe üç aýynda 94 aýal öldürildi. Iýul aýynda Türkiýede 17 aýal, olardan 41% öz adamsy tarapyndan atylan okdan jan berdi. Ýogalanlaryň ählisiniň yzynda çagalary galdy.

Türkiýedäki aýallaryň hukugyny goraýan guramanyň maglumatyna görä, aýallar köp ýagdaýda hiç bir sebäpsiz maşgala süteminden heläk bolýarlar.