Türkmenistanly desantçy Orsýetde tutuldy

Operasiýa mahalynda "guramaçylykly toparyň" bäş agzasy tussag edildi. 

Moskwaly sülçiler 24-nji awgustda 46 ýaşyndaky türkmen, üç çaganyň kakasy Batyr Bekmyradowy we onuň hemşerilerini tussag etdiler diýip, rus metbugaty habar berýär.

Tutulan adamlar Moskwa oblastynyň Ozýory şäher okrugynyň ýaşaýjylary bolup, kanunlaşan ogry, Şakro Molodoý lakamly jenaýat başlygy Zahariý Kalaşowyň haýryna paýtagtyň biznesmenlerinden, gorkuzmak arkaly, uly möçberde pul toplaýan eken.

Russiýa Federasiýasynyň IIM-niň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ýörite operasiýa mahalynda «guramaçylykly toparyň bäş agzasy tussag edildi.

Rus metbugatynyň maglumatyna görä, Batyr 1970-njiýylda Çärjew, häzirki Türkmenabat şäherinde doglup, 1991-nji ýylda Rýazandaky harby-desantçylyk uçilişesini tamamlapdyr we 218-nji ýörite maksatly aýratyn batalýona iberilipdir.

Öň gahryman, soň - jenaýatçy

Ol 2005-nji ýyldan Ozera raýonynda Bütinrussiýa syýasy-jemgyýetçilik guramasy bolan «Söweşjeň doganlygyň», «Russiýa Desantçylar birleşiginiň» «Adalatly Russiýa» partiýasynyň raýon bölüminiň başlygy bolupdyr.

Rus metbugaty tussag edilen toparyň gorag-howpsuzlyk kärhanasynyň wekilleri hökmünde hereket edendigini, şu sebäpden olara ýarag götermek rugsadynyň berlendigini belleýär.

Polisiýanyň maglumatyna görä, olar biznesmenlere haýbat atyp, demir taýak bilen urup, örän gazaply darapdyrlar.

Moskwaly sülçüler şu ýylyň 20-nji awgustynda bu toparyň garşysyna RF-nyň Jenaýat kodeksiniň 163-nji maddasynyň 3-nji bendi – «Gorkuzyp pul almak» boýunça jenaýat işini açypdyrlar. Berilýän maglumata görä, toparyň agzalary kanunlaşan ogry Zahariý Kalaşowyň adyndan hereket edip, 10 mln rubl talap edip, bir biznesmeni ýenjipdirler.

«Ozýory-Info» neşiriniň ýazmagyna görä, Ozýoryda geçirilen öý dökmeler we tussag etmeler şu iş bilen bagly.

Ozalky desantçy Batyr Bekmuradowyň Ozýory etrabynda 2005-nji ýylda peýda bolandygy we şol döwürde raýon ýolbaşçylygyna saýlanan Anatoliý Poçukaýewiň kömekçisi wezipesine bellenendigi aýdylýar.

Batyr Bekmyradowyň tussag edilen wagty Orsýetiň Federal derňew býurosynyň Moskwada, Russiýanyň derňew komitetiniň baş jenaýat-agtaryş edarasynda barlag geçirýän wagtyna gabat geldi. Interfaksyň ýazmagyna görä, Derňew komitetiniň Moskwadaky edarasynyň başlygynyň orunbasary Denis Nikandrow iş kabinetinde, wezipe jenaýatçylygynda aýyplanyp tussag edilipdir.

«Moskowskiý komsomoles» bu tussag etmeleriň we barlaglaryň 11-nji iýulda Zahariý Kalaşowyň Moskwada bir kafeniň eýesinde uly möçberde pul almakda aýyplanyp tutulmagy bilen baglydygyny ýazýar.

Batyr Bekmyradow rus metbugatyna 2008-nji ýylda beren interwýusynda öz atasynyň Çärjewde milisiýanyň polkownigi bolandygyny aýdypdyr. Ozalky desantçynyň öz sözlerine görä, ol harby gulluk döwründe – Pridnestrowýede, Ýugoslawiýada we Çeçenistanda 17 operasiýa gatnaşypdyr.

Metbugat maglumatlaryna görä, türkmenistanly desantçy Orsýetde ozal «Şahsy edermenligi üçin», «Gaýduwsyzlygy üçin», «Hyzmatlary üçin» diýen medallar bilen sylaglanypdyr.