Türkmen raýaty $30 müň bilen tutuldy

Mangistau regiony. Gazak resmisi saklanan aýalyň dokumentlerini barlaýar.

Gazagystanyň "Temir baba" serhet geçelgesiniň gümrükçileri Gazagystandan Türkmenistana barýan türkmen raýatynyň goşundan jarnamada görkezilmedik 30 000 çemesi dollar tapdylar.

"Kazinform" habar agentliginiň Aktau şäherinden berýän maglumatyna görä, 1983-nji ýylda doglan, ady "A" diýlip görkezilen, Gazagystandan Türkmenistana barýan türkmen raýaty gümrük geçelgesinde özünde jarnamada görkezilmeli harydyň ýokdugyny aýdyp, «ýaşyl ýodany» saýlap alypdyr.

Emma gümrük işgärleriniň we serhet gullukçylarynyň geçiren barlagy türkmen raýatynyň şahsy goşlarynyň arasynda gizlenen 30 müňe golaýdollaryň üstüni açypdyr.

Mangistau oblastynyň döwlet girdejileri bölüminiň guramaçylyk-maliýe edarasynyň başlygy Maksat Akmuradowyň sözlerine görä, Türkmenistan respublikasynyň 33 ýaşyndaky raýatynyň ýanyndan jarnamada görkezilmäge degişli 27 müň 900 amerikan dollary tapyldy.

Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, serhetden geçilen halatynda, ýolagçynyň 10 müň amerikan dollaryndan aňyrda bolan pul serişdesi ýazmaça görnüşde, ýolagçynyň gümrük jarnamasynda görkezilmeli, şeýle-de bar bolan nagt pul serişdeleri barada maglumat berilmeli.

Akmuradowyňtassyklamagyna görä, araçäkden pul serişdelerini geçirmek düzgüniniň bozulandygy, ýagny bellenilen möçberdäki pul serişdesinden has kän puly jarnamada görkezmän geçirjek bolandygy üçin, türkmen raýatynyň garşysyna adminstratiw proses başlanypdyr.

Gazagystanda saklanan türkmen raýaty

Azatlyk radiosy mundan ozal Türkmenistanda dollar söwdasyna girizilen çäklendirmeler, şonuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan banklaryň üsti bilen dollar ýa ýewro almak düzgünlerine girizilen üýtgeşmeler barada habar beripdi.

Bu ýagdaýlar, ýurt içinden gelýän maglumatlara görä, öz gezeginde Türkmenistanda dollaryň gara bazarynyň täzeden janlanmagyna we barha güýçlenmegine alyp geldi.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda häzir dollaryň resmi kursy bilen gara bazar kursunyň arasynda azyndan 70 prosent aratapawut bar.

Gazagystanda türkmen raýatynyň garşysyna bikanun pul geçirmek synanyşygy sebäpli başlanan adminstratiw proses we türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlaryna edýän kanunçylyk ýardamy barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasyndan maglumat almak, gynansak-da, Azatlyk radiosyna başartmady.