Türkmenistan Pakistana protest bildirip, Benazir Bhutto adyndaky halkara aeroportunda Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa we onuň ýolbaşçylygyndaky resmi toparyna “erbet çemeleşilmeginden” nägilelik bildirdi, diýip “Daily Times” neşri 8-nji awgustda habar berýär.
Pakistanyň metbugatynyň ýazmagyna görä, ýurduň parlamentiniň aşaky öýi bolan Milli Assambleýanyň spikeri Sardar Aýaz Sadik degişli jogapkär adamlara bu meseläni öwrenmegi tabşyrypdyr.
“Daily Times” neşiriniň parlamentdäki çeşmesine salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistanyň resmi topary geçen hepdede Pakistana eden iki günlük saparyndan yzynadolanyp gelýärkä olary Benazir Bhutto adyndaky halkara aeroportunda esassyz ýerden üç sagatlap saklapdyrlar. Maglumatda, agzalýan delegasiýanyň Pakistan döwletiniň örän ähmiýetli myhmany diýlip yglan edilendigine garamazdan, şeýle ýagdaýyň ýüze çykandygyaýdylýar.
Türkmenistanyň kanunçykaryjylary Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň baştutanlygynda 3-4-nji awgustda Yslamabada sapar edipdi. Türkmen metbugatynda habar berlişine görä, Türkmenistanyň prezidentiniň görkezmesi bilen geçirilen bu sapar, Pakistan bilen parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen gurnalypdy.
“Daily Times”, öz çeşmesine salgylanyp, “Akja Nurberdiýewa Pakistana ýörite uçar bilen geldi we onuň ýurdy uçaryň gonmagy we hyzmatlaryň üpjünçiligi üçin aeroportuň häkimiýetlerine 1500 amerikan dollaryny töledi. Emma muňa garamazdan, uçar aeroportda sagatlap saklandy” diýip, belleýär. Gazetiň ýazmagyna görä, aeroportuň jogapkärleri myhmanlara uçar meýdanynyň boş däldigini we boşan badyna delegasiýanyň uçmagyna rugsat beriljekdigini aýdypdyrlar.
Maglumatda Pakistanyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň bu ýagdaýdan habarly bolan badyna ýurduň awiasiýa boýunça sekretaryna jaň edip, meseläni çözmegi talap edendigi we netijede delegasiýanyň öz ýurduna uçmagy üçin uçar ýolunyň açylanandygy aýdylýar.
Şeýle-de maglumatda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisiniň dörän ýagdaýy görmek üçin aeroporta barandygy, yz ýany-da Pakistanyň Milli Assambleýasynyň spikerine muny habarberendigi aýdylýar.
Pakistanyň “Daily Times” neşiri, öz parlamentdäki çeşmesine salgylanyp, Pakistanyň parlamentiniň spikeriniň Graždan awiasiýasynyň, Milli Assambleýanyň we Federal derňew agentliginiň resmilerini öz içine alýan derňew komitetini düzmegi we ýagdaýy derňemegi tabşyrandygyny habar berdi.
Pakistan mediasynyňýaýradanbu habary bilen bagly Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasyna ýüz tutanda, ol ýerde Azatlyk Radiosyna bu barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.
Türkmen kanunçykaryjylarynyň Pakistana eden sapary we onuň netijeleri barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda hem maglumat çap edilmedi.
Muňa garamazdan, wagtal-wagtal dürli ýurtlaryň metbugatynda, Türkmenistanyň döwlet baştutany we beýleki ýokary wezipeli türkmen resmileri daşary ýurtlara baranlarynda, olaryň bu saparlarynyň ýerli aeroportlaryň adaty işine we şol ýurtlardaky ýol hereketine ýaramaz täsir ýetirýändigi barasynda habarlar peýda bolýar.