M.Berdimuhamedow adyndaky harby bölümiň desgalar toplumy açyldy

Mälikguly Berdimuhamedowyň Yzgant obasyndaky heýkeli

Şenbe güni Mary şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň M.Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminiň desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen telewideniýesi bu dabara watançylyk aýdymlarynyň "baýramçylyk öwüşgünini çaýandygyny" habar berýär.

Resmi maglumata görä, dabara gatnaşyjylar «içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, podpolkownik Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny buýsanç bilen göterýän 1001 harby bölüminiň binalar toplumy bilen içgin tanşyp», watan goragçylary barada edilýän aladalar üçin milli lidere minnetdarlyk bildiripdirler.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow 23-nji iýulda agşamlyk "Bagtyýarlyk" seýilgähinuiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

TDH prezidentiň bu ýerde şäheriň ýaşaýjylary, ýaşlar we çagalar tarapyndan "Arkadaga şöhrat" diýen şygar astynda, aýdym-saz we alkyş sözleri bilen garşy alnandygyny habar berýär.

Bu dabaralar prezident G.Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna edýän iş saparynyň çäginde geçirildi.