Türkmenistanda päleçiligiň pidalary ‘ýatlanmaýar’

Merkezi Aziýada ýerli adamlary päleçilige çekmek baradaky karar ýiti garşylanypdy.

Şu ýylyň 17-nji iýulynda Hojanda bolan halk gozgalaňyna 100 ýyl dolýar. Bu tutuş Merkezi Aziýa sebitinde Rus imperiýasyna garşy başlanan köpçülikleýin portestleriň başlangyjy bolupdy.

1916-njy ýylyň 8-nji iýulynda (köne stil boýunça 25-nji iýunda) rus imperatory Nikolaý II Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylaryny ikinji jahan urşunyň tyl işlerine, päleçilige çekmek baradaky ýörite karary kabul edipdi. Birinji jahan urşy döwri Rusiýa Britnaniýa we Fransiýa bilen birlikde Antantanyň tarapynda Awstriýa-Wengriýa garşy söweşýärdi.

Merkezi Aziýada ýerli adamlary päleçilige çekmek baradaky karar ýiti garşylanyp, ýaragly protestleriň tutaşmagyna sebäp boldy. Ilkinji bolup bu karara Hojandyň ýaşaýjylary garşy çykdylar.

Eýse, bu döwür şol wagtky Türkmenistanda nähili bolup geçdi? Bu soraga taryhyň gürrüňi gidýän pursadyny içginden yzarlaýan, şeýle-de bu barada ýörite taryhy roman ýazan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew jogap berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda päleçiligiň pidalary ‘ýatlanmaýar’