Türkmenistanda nobatdaky kadrlar çalşygy geçirildi.
Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, prezident G.Berdimuhamedow «Halkbank» täjirçilik bankynyň başlygy Ç.Çüriýewi, «özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin» diýip, wezipesinden boşatdy.
Onuň ýerine B.Ýaýlanow başlyklyga bellenildi. Mundanam başga, «Türkmennebitgazgurlyşyk» döwlet konserininiň başlygy A.Sopyýew, «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» işden boşadyldy.
Prezident G.Berdimuhamedowyň anna güni geçirilen hökümet maslahatynda gol çeken kararlaryna laýyklykda, M. Nurmämmedow ýurduň jemagat hojalygy ministri, D.Sabyrow «Türkmenhowaýollary» milli gullugynyň başlygy, A.Gurdow Döwlet deňiz we derýa transportygullugynyň başlygy, G.Mezilow Oguzhan adyndaky inženerçilik-tehnologiýa uniwersitetiniň rektory wezipelerine bellenildi.
Şeýle-de prezident Kakamyrat Gurdowy Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň häkimi wezipesine belledi.