Orsýetde türkmen raýaty tutuldy

Orsýetiň polisiýa ulagy

Orsýetde, bikanun neşe dolanyşygy bilen baglylykda halkara derejesinde gözlenilýändigi aýdylýan, türkmen raýaty tussag edildi.

Orsýetiň regional habar serişdeleri tarapyndan ýurduň Federal howpsuzlyk gullugynyň Twer regiony boýunça edarasynyň geçiren operatiw-gözleg işleriniň netijesinde Türkmenistanyň ýaşaýjysy Rejep Jepbarowyň tussag edilendigi habar berilýär. Onuň Siriýadaky ýaragly konfliktde “Yslam döwleti” (YD) toparynyň tarapynda söweşmek üçin pul toplamaga synanyşýandygy barada maglumatyň barlanmagy netijesinde kanun goraýjy organlaryň üns merkezine düşendigi aýdylýar. YD topary Orsýetde gadagan edilen guramadyr.

Media maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda Interpoluň Baş sekretariaty ýörite bildiriş ýaýradyp, guramanyň ähli agzalaryndan, soňra Türkmenistana ekstradisiýa etmek üçin, 1975-nji ýylda doglan Jepbarow Rejep Azatowiçi tussag etmegi sorapdyr.

Türkmenistan Interpol guramasyna 2005-nji ýylyň sentýabr aýynda agza boldy.

Şeýle-de Toržok şäheriniň sudy tarapyndan Rejep Jepbarowa Orsýetiň Jenaýat kodeksiniň «Zorlamak» baradaky 131-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “w” punktuna laýyklykda günä bildirilip, 2002-nji ýylda onuň alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar. Bu barada ”Tverigrad.ru” neşiri habar berýär.

Regional media maglumatlarynda, tussag edilen wagtynda Japbarowyň ýanyndan Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň galp sürüjilik şahadatnamalarynyň tapylandygy aýdyldy.

“Glawnyý regionalnyý” neşiriniň maglumatynda Rejep Japbarowyň tutulan pursadynyň wideoýazgysy ýerleşdirilipdir.

Käbir maglumatlarda Japbarowyň Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysydygy aýdylýar.

Häzirki wagtda Rejep Japbarowyň, Twer şäheriniň Moskowskiý etrap sudunyň 2016-njy ýylyň 2-nji iýulynda çykaran karary esasynda, bir aý möhlet bilen deslapky tussaghanada saklanylýandygy aýdylýar. Orsýetiň Twer regionynyň habar beriş serişdeleri ýerli prokuratura organlarynyň Rejep Japbarowy Türkmenistana ekstradisiýa etmek boýunça işe başlamak çäresini geçirýändigini habar berýärler.