Türkmenistanda “Iş bilen üpjünçilik hakyndaky” kanun kabul edildi.
1-nji iýulda güýje giren kanuna laýyklykda, ýurtda “işsiz” diýlen düşünje ilkinji gezek resmileşdirilýär. Kanunda “işsiz” hökmünde resmi hasaba alnan adama pul kömeginiň tölenjekdigine kepil geçilýär.
Bu kanunda “işsiz” düşünjesine berlen resmi düşündirişde zähmet çekmäge ukuply ýaşdaky (erkekler üçin — 18-62 ýaş aralygynda, aýallar üçin ‒ 18-57 ýaş aralygynda), özüne bagly bolmadyk sebäplere görä, aýlyk haky bolmadyk, iş gözleýän we işsiz hökmünde döwletiň iş bilen üpjünçilik edarasynda hasaba alnan zähmet çekmäge ukyply adamynyň işsiz hasaplanýandygy aýdylýar.
Şol bir wagtda-da kanunda işsiz hökmünde resmi hasaba alynmak we döwletiň maliýe kömegine eýe bolmak üçin belli talaplar görkezilýär.
Talap edilýän şertler
Türkmenistanyň “Iş bilen üpjünçilik hakyndaky” kanunynyň 7-nji maddasynda döwletiň goldawyna mätäç adamlaryň döwlet kepillikleriniň şu kategoriýalaryna degişlidigi aýdylýar:
1) kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagany) terbiýeleýän ýeke ýaşaýan ata-eneler, olaryň ornuny tutýan adamlar, köp çagaly maşgalalar; 2) ýigrimi dört ýaşyna çenli çagalar öýlerinde terbiýelenenler, ýetim-çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar; 3) maýyplygy bolan adamlar; 4) ilkinji gezek iş gözleýän ýaş hünärmenler; 5) pensiýa ýaşynyň öňüsyrasyndaky (pensiýa iki ýyl galanda) adamlar; 6) eklenjinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesekiniň kömegine mätäç diýlip ykrar edilen adamlar bolan raýatlar; 7) harby gulluga çagyryşdan boşadylan, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, Türkmenistanyň beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan çagyryş ýa-da borç boýunça harby gullukdan boşadylan Türkmenistanyň raýatlary; 8) kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýatyrylmagy, işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň azaldylmagy bilen baglanyşykly, saglyk ýagdaýy ýa-da başga esaslar boýunça işden boşadylan adamlar; 9) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlary; 10) radiasiýa heläkçiliginiň netijesinden, önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalardan we hünär keselleriniň netijelerinden ejir çeken adamlar; 11) azatlykdan mahrum edilme ýa-da mejbury bejeriş ýerlerinden boşadylan adamlar; 12) adam söwdasynyň ýa-da öý (durmuş) zorlugynyň pidasy bolan adamlar.
Kanuna görä, işsiz hökmünde resmi hasaba durmak üçin adamynyň özi öz ýaşaýan ýerinde zähmet biržasyna ýüzlenmeli. Resmi hasaba duran adam birnäçe talaby berjaý etmeli, hususan-da, her on günden zähmet biržasyna özi baryp, habar tutmaly, işsiz diýlip hasaba duran adama diňe iki gezek iş hödürlenýär, hödürlenen işleri kabul etmedik adam resmi hasapdan öçürilýär.
Şeýle-de kanunda işsiz hökmünde hasapda durmagyň wagt möhleti üç aý diýlip görkezilýär.
Kanunda döwlet tarapyndan işsizlere beriljek maddy kömegiň takyk möçberi agzalmaýar. Türkmenistanda minimal aýlyk derejesi häzirki wagtda 597 manat möçberinde kesgitlenýär.
Iş we işsizlik
Türkmenistanda işsizleriň resmi statistikasy çap edilmeýär. Käbir garaşsyz habar çemelerinde işsizligiň möçberiniň 60-80%-e ýetendigi aýdylýar.
Resmi maglumatlarda Türkmenistanda ilatyň iş bilen üpjünçiligine döwlet we döwlete degişli bolmadyk gulluklaryň, iş berijileriň, kärdeşlik arkadaşlyklarynyň we bilim edaralarynyň iş alyp barýandygy, şeýle-de iş bilen üpjünçilik boýunça Döwlet fondunyň döredilýändigi aýdylýar.
Türkmenistanyň her welaýatynda bir Zähmet biržasy işleýär. Häzirki wagtda welaýat ýaşaýjylarynyň islendik edara işe ýerleşmegi üçin biržadan rekomendasiýa hatynyň alynmagy talap edilýär.
Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, şeýle-de Zähmet birzalary welaýat gazetlerinde iş orunlarynyň boş durandygy hakynda kwartalda bir gezek bildirişleri çap edýärler we işgär gözleýän edaralaryň talap edýän hünärmenleriniň sanawyny ýerleşdirýärler.
“Men syn edýýärin, bolmanda Balkan welaýatynyň gazetini alýaryn, şonda öňki gaýtalanýan zatlar, meselem, öňki kwartalda şeýle iş orunlary boş dur, diýlip berlen bolsa, şol iş orunlary indiki kwartalda-da ýene gaýtalanýar” diýip, Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Türkmenistanlylaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şu günki gün propiska talaby, ähli maşgala agzalaryna degişli täsiri gysga möhletli köp sanly güwanamalary toplamak talaby, galyberse-de, her ädimde diýen ýaly tölemeli tükeniksiz para-peşgeşler adamlaryň iş tapmagynyň öňünde duran esasy päsgelçiliklerdir.