Özbegistan serhetdäki owganlary tutmakda aýyplanýar

Amyderýanyň golaýynda oýnaýan owgan çagalary.

Owganystanyň howpsuzlyk boýunça esasy problemalary ençeme ýyllap onuň Pakistan bilen bolan günorta we gündogar serhetleri bilen baglanyşyklydy.

Ýöne Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleriniň serhedaşa geçirýän reýdleri Owganystanyň demirgazyk goňşularynyň bu ýurtdaky howply ýagdaýyň öz ýurtlaryna hem aralaşmagyndan howatyr edýändigini görkezýär.

Owganystanyň demirgazyk Balh welaýatynyň iki etraby, Şordepe bilen Kaldaryň ýaşaýjylary, Özbegistanyň serhet güýçlerini aradaky Amyderýadan aşyp, geçiren reýdlerinde ýerli ýaşlardan ençemesini tutanlykda aýyplaýarlar.

"Olaryň käbirinden indi bir ýyldan gowrak bäri habar ýok. Olar ölümi, dirimi, bilemzok" diýip, kaldarly Molla Abdul Rahym aýdýar.

Amyderýadaky gämä seredip duran owgan ýaşaýjysy.

Ol "Talyban" güýçleriniň häli-şindi edýän hüjümleri netijesinde demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşaly bäri Özbegistanyň serhet goragçylary güýçlendirildi. Olar ýygy-ýygydan Amyderýadan geçip, owgan balykçylaryny, çopanlary tutýarlar diýýär.

Molla Abdul Rahym soňra hem: "Biz ykdysady taýdan mundan köp zyýan çekýäris. Muňa öz howpsuzlygymyza we asudalygymyza abanýan howp diýip garaýarys" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Goňşy etrapdan şordepeli Hajy Abdul Reşidiň aýtmagyna görä, regionyň alty obasyndan azyndan 20 adam häzir özbek türmelerinde otyr.

"Bularyň biri meniň ýegenim Habibullah. Ol dirimi ýa özbek güýçleri ony öldürdimi, biz bilemzok" diýip, Hajy Abdul Reşit zeýrenýär.

Amyderýadan konteýnerde suw daşaýan owganystanly ýaşaýjy.

Owgan häkimiýetleri bu meseläni resmi taýdan gozganok. Ýöne Balh welaýatynyň sözçüsi Munri Farhad käbir owgan raýatlarynyň Özbegistanyň serhet güýçleri tarapyndan tutulandygyny boýun alýar.

"Köp owganlar garyplyk zerarly gününi dolandyrmak üçin Amyderýadan balyk tutmaga ýa başga zatlary ýygnamaga mejbur bolýarlar. Olaryň käbirini özbek güýçleri tutupdyr" diýip, Farhad aýdýar.

Ýöne onuň aýtmagyna görä, tutulan owganlaryň köpüsi, özbek häkimiýetleri tarapyndan soraga edilensoň, boşadylypdyr.

Özbegistanyň Owganystan bilen bolan 137 kilometrlik günorta serhedi ýere gömlen minalar, tikenli simler we tokly germewler bilen berk goralýar.

"Talyban" güýçleri sentýabrda Orta Aziýa serhedinde ýerleşýän owgan şäheri Gunduzy gysga wagtlap eýeläli bäri, Daşkent Owganystandan ýurda girmegi ähtimal jeňçileriň öňüni almakda, serhede berk kontrollyga esasy serişde diýip garaýar.

"Talyban" jeňçileri Gunduza çozanda, şeýle hem Owganystanyň Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan bilen serhetdeş 9 welaýatynda ýüz beren gazaply hereketlerde esasy roly oýnanlar Özbegistandan we beýleki goňşy döwletlerden bolan jeňçiler boldy.