Ýene bir seýilgäh "abatlanýar"
Bu seýilgäh paýtagtyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşip, ol Bitaraplyk şaýolundan Garaşsyzlyk şaýoluna çenli uzap gidýär. Seýilgähiň günorta tarapynda bolsa Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi ýerleşýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu seýilgähiň daşyna haýat aýlanandygy sebäpli häzirki wagtda onuň içine girip bolmaýar.
Ýöne awtobus ýaly beýik ulaglaryň içinden syn edeniňde, seýilgähde ozaldan bar bolan gülleriň we agaçlaryň ençemesiniň çapylandygyny görse bolýar.
Şeýle-de, seýilgähdäki basgançaklaryň we arkanyň daşyna örtülen mermer daşlary sökülip, 15 çemesi suw çüwdürimi hem ýumruldy.
Häzirki wagtda agyr gurluşyk maşynlary sökülen şol suw çüwdürimleriniň ýerini sürüp, ol ýerde gurluşyk işlerini alyp barýarlar.
“Altyn asyr” seýilgähi paýtagtda Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi açylanda, ýagny 2006-njy ýylda gurlupdy.
Şondan soň seýilgähde birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirildi. Olaryň iň soňkusy mundan 3 ýyl ozal bolupdy.