“Ybraýym şadilli”

Dutar

Türkmen halk sazlarynyň arasynda “Ybraýym şadilli” örän çylşyrymly hem agyr sazlardan biri saýylýar. Ony Şükür bagşy döredipdir diýýärler. Ýöne başgarak pikirleri aýdýanlaram bar.

Bozulan ylalaşyk

Sazyň döreýşi hakda belli prozaçy Nurmyrat Saryhanow powest ýazdy. Nurmyrat Saryhanowyň Şükür bagşyny gören bolmagy ahmal. Ýazyjy şol uly halypalaryň ýaşap geçen sebitinde ösüp-ulalypdy. Her halda oňa şol sazdan hem ony döreden ussatdan habarsyz diýip bolmaz.

Rowaýata görä, onuň döremegine alamana giden türkmen serdary sebäp bolupdyr. Şol döwürler Büjnürdiň hem Goçandyň hanlary bilen türkmen serdarlary dowam edip gelen alamançylyk hereketini bes etmek ylalaşygyna gelipdirler.

Taryhy maglumata görä, 19-njy asyryň ikinji böleginde, Ahala Nurberdi han serdarlyk edýän döwründe, Büjnürtde Ybraýym Şadlu hanlyk edipdir. Bu adyň soňky bölegini türkmen diline laýyk getirip, Ybraýym şadly ýa-da Ybraýym şatly hem diýipdirler.

Gelnen ylalaşygy bozup, Dykma serdar özbaşdak alamana gidipdir. Onda-da Büjnürdiň hanyna ýesir düşüpdir. Bozulan ylalaşyk üçin haýyş-töwella etmelimi ýa-da ýesiri satyn almalymy diýen meseläniň ebeteýini tapman, ahyrynda Şadlu hanyň üstüne Şükür bagşyny iberýärler.

Şükür bagşy ýesire “meniň doganym” diýip, ony saz bilen halas etmäge gelendigini aýdypdyr.

Döreýiş

Hanyň saz bilen ylalaşjagyny bilensoň, bagşy ony bir gijede döredipdir diýen gürrüň bar. Beýleki bir rowaýata görä, han bagşy-sazandasy bilen ýaryşda, iňňän zerur pursatda şeýle saz döredipdir diýilýär. Haýsy bir ýagdaýda bolsa-da, saz berk zerurlyk esasynda döräpdir. Saz hanyň göwnünden turup, ýesiri azat edipdir. Şondan ol saza “Ybraýym şadilli” diýen at galýar. Gysgaça oňa “Şadilli” hem diýýärler.

Elbetde, ýazyjy Nurmyrat Saryhan 30-njy ýyllaryň tutha-tutlugy zamanynda, ol ýa-da beýleki bir serdaryň adyny tutup bilmezdi.

Sazyň döremegine türkmen serdary sebäp bolsa-da, ady hem abraýy Ybraýym Şadla gidipdir. Hakykat ýüzünde ol bu hormata mynasyp. Alamana gelen ýesiri bir beýik saz bilen çalyşýar.

Sungat ol hana öçmejek şöhrat getiripdir.

Beýiklik

Ýetişen kämil bolaýmasa, ol saza golaýlaşýan az. Ol turuwbaşdan üýtgeşik hem örän çylşyrymly. Göwnüňe bolmasa, onda azyndan iki dutaryň owazy goşluşyp gelýär. Owaz öwüşginleri çalşyp barýar. Ony döretmäge iki el azlyk edäýjek ýaly, ýöne uly ussatlar başarýarlar. Şol hem bu sazyň elýetmez tarapy bolsa gerek.

Beýleki tarapdan, bu tüýs dutar üçin döredilen eser. Aýdaly, halk sazlary ýa-da olaryň äheňi esasynda aýdym aýdylýan bolsa, “Şadillini” hiç bir bagşy aýdyma salyp bilmändir. Oňa diňe dutar hötde gelýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Bagşylar öý-muzeýi

Sarpa

Bu sazyň orny barada sazanda Sapar Mämiden şeýle gürrüň eşitdim.

Kompozitor hem sazanda Sapar Mämi bir säw bilen redaksiýa geldi. Ol Kerim Gurbannepesow bilen gürleşmekçi bolup, onuň ýany boşaýança biz bilen gürleşip oturdy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, ondan belli pianinoçy Wladimir Sapegin barada soradym. Bu rus adamynyň milli türkmen sazlaryna, hususan-da dutara düşünişiniň nä derejededigini bilmek isledim.

Sapar Mämi gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän, birsellem ýaýdanyp oturdy. Soňra birden galkyndy:

– Men saňa bir wakany gürrüň bereýin. Şondan çen tut-da, onuň milli saza düşünişini biliber – diýdi.

Bu “Ybraýym Şadilli” ahyryn

Altmyşynjy ýyllaryň başynda bizde ilkinji elektrodutar peýda bolupdy. Sapar Mämi bu tehniki dutarda saz çalmagyň ussady hökmünde saýlandy. Dutaryň ses mümkinçiligi artansoň, kompozitorlar ony fortepýano owazy bilen goşmagy nazarda tutup, dutar hem fortepýano üçin birnäçe halk sazyny täzeden işlediler.

Kompozitorlar birleşiginde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Sapar Mämi bilen Wladimir Sapegin täze döredilen sazlardan birnäçesini çalýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, W. Sapegin ýiti elli sazandady. Fortepýanoda türkmen sazlaryny örän täsirli çalmagy başarýardy. Professor Şahym Gullyýew bu sazandany hormat bilen ýatlap, onuň maşgalasynyň türkmen bolandygyny aýdýar.

– Sapeginiň aýalyna Käbe daýza diýýärler. Onuň bilen biz Opera we balet teatrynyň horunda aýdym aýdýardyk. Örän salykatly türkmen maşgalasydy.

Hawa, täze sazlardan iki-üçüsi çalnansoň, gezek “Şadillä” ýetipdir. Şonda Wladimir Nikolaýewiç ýerinden turýar-da, egninden penjegini çykaryp, oturgyjyň arkasyndan asýar. Soňra bilindäki guşagyny çekip, ýeňini çermäp başlaýar. Töwerekdäkiler:

– Size näme bolýar, Wladimir Nikolaýewiç? – diýip, onuň bolşuny geňläpdirler.

Ol bolsa aljyraňňy ses bilen orusçalap:

– Bu “Ybraýym Şadilli” ahyryn – diýipdir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.