Adam hukuklary we metbugat azatlygy guramalarynyň 13-si birleşip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewi azatlyga çykarmagyna çagyrdy.
Bu çagyryş Azatlyk radiosynyň we Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasynyň ştatdan habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilen gününiň bir ýyllygyna, 7-nji iýula gabatlanyp edilýär.
Adam hukuklaryny goraýan HRW, Azatlyk öýi, Halkara Günä geçiş guramasy, Serhetsiz reportýorlar, Žurnalistleri goramak baradaky komitet, Bütindünýä demokratiýa hereketi, Milli Metbugat kluby, Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Pagta kampaniýasy, Halkara Zähmet hukuklary forumy, Crude Accountability, Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramalarynyň, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň ýolbaşçysynyň gol çeken hatynda «adalatsyz tussaglygyň soňlanmagyna we Nepesgulyýewiň derhal azat edilmegine» çagyrylýar.
Türkmen prezidentiniň adyna ýazylan hatda Nepesgulyýewiň ýitirim bolmazyndan ozal Türkmenistanyň günbatar sebitindäki ykdysady ýagdaýlar, infrastruktura, sosial hyzmatlar we bilim barada habar berendigi, onuň bu işi raýatlary öz jemgyýetleriniň öňünde durýan kynçylyklar bilen habarly etmek we olara öz durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga kömek bermek maksady bilden edendigi bellenilýär.
Şeýle-de hatda Nepaýesgulyýewiň 7-nji iýulda Awazada ýitrim bolup, üç hepde soňra, 28-nji iýulda Akdaşdaky türmeden tapylandygy, onuň 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda galplaşdyrylan jenaýat işi boýunça, neşe maddalaryna eýe bolmak aýyplamasynda Türkmenbaşy şäheriniň sudy tarapyndan 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi ýatladylýar.
«BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň Türkmenistandaky türme şertleri we ýowuz darama, şol sanda adam gynalmagy howpy barada bildiren aladalary bilen baglylykda, biz jenap Nepesgulyýewiň saglygy we howpsuzlygy barada alada galýarys – diýip, hatyň awtorlary aýdýar. – Biz 2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri Nepesgulyýewiň hal-ýagdaýy barada hiç bir maglumat alyp bilmedik. AÝ/AR bilen hyzmatdaşlyk eden Ogulsapar Myradowanyň ykbaly baradaky ýatlama biziň Nepesgulyýew baradaky aladmyzy has-da güýçlendirýär, sebäbi Ogulsapar 2006-njy ýylyň sentýabrynda türkmen türmesinde gümürtik ýagdaýda aradan çykypdy.»
BMG-niň Işçi topary 2015-nji ýylyň dekabrynda jenap Nepesgulyýewiň işine syn edip, onuň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilendigini, sebäbi onuň hiç kim bilen görüşdirilmän saklanylandygyny, öz meýline görä kanyn ýardamçysy bilen üpjün edilmändigini aýtdy. Şeýle-de bu topar Nepesgulyýewiň parahatçylykly ýagdaýda öz pikirini aýtmak hukugyndan mahrum edilendigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Adam hukuklary baradaky ählumumy jarnamanyň 19-njy maddasy, Graždan we syýasy hukuklar baradaky konwensiýanyň 19-njy maddasy raýatlaryň parahatçylykly ýagdaýda pikir aýtmak azatlygyny kepillendirýär.
BMG-niň Işçi topary Nepesgulyýewiň azat edilmegine we oňa kompensasiýa tölenmegine çagyrdy.
Nepesgulyýewiň tussag edilmegine garşy bir topar hukuk guramasy protest bildirdi. Olar ÝB resmilerini ÝB-Türkmenistan Adam hukuklary dilogynyň maý aýyndaky gepleşikleri mahalynda žurnalistiň meselesini gozgamaga çagyrdylar.
Prezident Berdimuhamedowa hat ýazan 13 guramanyň wekilleri, öz halkara guramalarynyň hem, Türkmenistan tarapyndan gol çekilen we tassyklanylan halkara konwensiýalarda we halkara kanunçylygynda kepillendirilen ölçegleri we adam hukuklaryny goramak we wagyz etmek bilen meşgullanýadygyny aýdýarlar.
Şeýle-de olar Nepesgulyýewiň galplaşdyrylan aýplamalar esasynda türmä basylandygyny, onuň hiç kime görkezilmän saklanylmagynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna-da, Graždan we syýasy hukuklar baradaky halkara konwensiýasyna-da ters gelýändigini aýdýarlar.
Türkmen prezidentine hat ýazan 13 guramanyň wekilleri Türkmenistanyňbu konwensiýa gol çekendigini ýatladyp, Nepesgulyýewiň derhal azat edilmegini talap edýärler.