Dünýäde amatsyz şertlerde ýaşaýan çagalaryň köpüsine garyplyk, sowatsyzlyk we ir ölmek howpy abanýar diýlip, BMG-niň UNICEF çagalar fondy 28-nji iýunda ýaýradan täze hasabatynda aýdýar.
Çagalaryň dünýä derejesindäki ýagdaýyna syn berilýän hasabatda bellenişine görä, häzirki tendensiýalar dowam edip, amatsyz şertlerde ýaşaýan çagalara üns artdyrylmasa, 2030-njy ýyla çenli dünýäde 69 million çaga bäş ýaşyna ýetmän ýogalar, 60 million çaga bilim almak mümkinçiliginden mahrum bolar, 167 million çaga garyplykda ýaşar.
Çagalara abanýan howplaryň esasy sebäbi garyplyga bagly bolýar.
Türkmenistanda şu günler bazarlarda araba sürýän, ýük daşaýan ýa-da awtoulaglary ýuwup, gazanç edýän çagalary has köp görse bolýar.
Gazanç edýänleriň eli ýuka maşgalalaryň çagalardygyny ýerli synçylar aýdýarlar we munuň bilen bir wagtda Türkmenistanda döwletiň çagalar barada edýän aladalaryny mahabatlandyrýan çäreleriň hem köpelendigini belleýärler.
Şu günler oba ýerlerinde çagalaryň mal bakýandygyny we ekin meýdanlarynda işleýändigini görmek mümkin.
“Mundan 5-6 ýyl ozal men, çaga wagtymda, tomus kanikulyna dynç alyş diýseler, geň görýärdim. Obada, esasan, okuwa gitmedik wagtyňy diňe işläp geçirmeli, çaga bolsaňam. Ýeriň bolsa işi gutaranok, daýhan çagasy bolsaň dagy hasam” diýip, Azatlyk Radiosynyň ”Azathabar.com” websaýtyna ýazylan teswirleriň birinde bellenilýär.
Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew häzirki wagtda guramaçylykly dynç almagyň türkmenistanly çagalaryň ençemesine elýeterli däldigini aýdýar: “Bellemeli ýagdaý, öň etraplarda, mekdeplerde gündiz işleýän dynç alyş lagerleri bardy. Olaryň sany üzül-kesil azaldy. Ýene bir bellemeli ýagdaý, her etrabyň özüniň tomus paslynda işleýän dynç alyş lagerleri bardy. Ine, olar çeşmeleriň boýunda, dag jülgelerinde bolýardy. Indi her näçe gynandyryjy bolsa-da, häzir şol lagerler işlänok. Ýogsa, çagalaryň dynç almagy üçin şert döretmäge şol ýerde uly mümkinçilik bar, tebigatam. Emma, haýp, edilýän alada ýok, baş alada-da şolary ýola goýmak üçin maliýe serişdesi goýberilenok”.
Çagalaryň saglygy
Tükrmenistanda çagalaryň saglygy bilen bagly ýagdaýa degişli elýeterli resmi sanlar örän ujypsyz.
UNCEF çagalar Fondunyň Türkmenistandaky edarasy ýurtda her ýyl 100 müň çemesi çaganyň dogulýandygyny habar berýär. Şeýle-de bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasyndaky ölüm derejesini azaltmak ugrunda iş alynyp barylýandygy we häzir her bir müň çagadan ýogalýanlaryň sanyny 50-den 33-e ýetirmek maksadynyň göz öňünde tutulýandygy bellenilýär.
Türkmenistanly aýallar lukmany Ýelena Serebrýannik ýurtda çaga ölümine medisina hyzmatlarynyň ilat köpçüligi üçin gymmatlygynyň, lukmanlaryň taýýarlyk derejesiniň gowşaklygy sebäpli nädogry bejeriş berilýändiginiň esasy sebäp bolýandygyny aýdýar.
Türkmenistanly lukman hakyky ýagdaýyň ýaşyrylmagynyň hem saglygy saklaýyşdaky problemalara netijeli çemeleşmegiň öňüne böwet bolýandygyny belledi: “Keselhanalara, laboratoriýalara nädogry sanlary bermek barada ýörite tabşyryk berilýär, näsaglar sagat diýlip keselhanadan çykarylýar, keselhananyň statistikasyny ýaramazlaşdyrýar diýlip, agyr keselli çaganyň keselhana alynmaýan halatlary hem bolýar, netijede çaganyň ene-atasy bir keselhanadan başgasyna gatnap, bolmasyz ýagdaýa duçar bolýarlar”.
Resmi çäre
UNCEF guramasynyň Türkmenistandaky edarasy şu aýda çap eden maglumatynda çagalaryň sosial taýdan goralmagynyň zerurlygyna ünsi çekdi. Maglumatda sosial goragyň pul kömegi, saglyk we bilim taýdan üpjünçilik, jemgyýetçilik aladalary we maşgala ýagdaýy ýaly meseleleri öz içine alýandygy bellendi.
UNICEFI-iň maglumatynda köp çaganyň esasy zerurlyklardan mahrum bolup, garyplykda ýaşaýandygy, iň gowşak we kemsidilen topara maýyp çagalaryň, millet we dil taýdan azlyk toparlaryň we migrasiýanyň täsiriniň astyna düşen çagalaryň girýändigi aýdyldy.
UNCEF öz maglumatynda türkmen hökümetini çagalaryň hukuklaryny goramaga çagyrýar, şeýle-de çagalaryň öz hak-hukuklaryndan habarly bolmagynyň ähmiýetini nygtaýar: “Çagalary sosial taýdan goramak üçin çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuşyny gowulandyrmak üçin pudagara hyzmatdaşlyk, maliýe çykdajylar we syýasy erk-isleg gerek”.
Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG-niň “Çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýasyny” makullady, 2005-nji ýylda çaga zähmedini gadagan edýän “Ýaşlaryň zähmet kepilligi hakynda” kanuny kabul etdi, 2008-nji ýylda çaga zähmetiniň oba hojalygynda ulanylmagyny gadagan edýän prezidentiň ýörite karary çykaryldy, 2014-nji ýylda “Çagalaryň döwlet kepilnamalary hakynda" kanun kabul edildi.