AÝ/AR-y Türkmenistany žurnalisti tussaglykdan boşatmaga çagyrýar

Saparmämmet Nepesgulyýew.

2015-nji ýyldan bäri Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen işleşýän Saparmämmet Nepesgulyýew öz düşüren suratlary we gysga wideomateriallary arkaly diňleýjileri ýerli ilatyň durmuşyndan senzurasyz habarlar we maglumatlar bilen üpjün edip geldi.

Onuň ýurtdaky garyplyk, resmi hökmüzorluk, agyz suw üpjünçiliginiň kemisligi we mekdepleriň ýetmezçiligi baradaky maglumatlary uzak wagtdan bäri dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Türkmenistan barada taýýarlanan gymmatly materiallardy.

Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Awaza syýahatçylyk şäherinde žurnalistika işine laýyklykda zerur materiallary surata düşürýän mahaly, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň agentleri tarapyndan tussag edildi.

Akdaş şäheriniň golaýyndaky türmede Nepesgulyýew bilen bir kamerada saklanan öňki tussag, Nepesgulyýewiň sözlerine salgylanyp, polisiýanyň onuň goşlarynyň arasyna neşe garyndyly maddany nädip ýerleşdirendigini we neşe maddasynyň bardygyny we ony ulanandygyny delillendirmek üçin barlag testini nädip galplaşdyrandyklaryny gürrüň berdi.

“Žurnalisti dymdyrmak üçin edilen wagşylarça hereket”

Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud işinde neşe bilen bagly aýyplamalar esasynda tussaglyga höküm edildi.

Nepesgulyýewiň ykbaly baradaky iň soňky maglumatlar 2015-nji ýylyň sentýabryna degişli. Şonda Nepesgulyýew we onuň bilen bir kamerada saklanan öňki tussag Akdaşdaky tussaghanadan Lebap welaýatyndaky “LBK-12” atly türme koloniýasyna geçirilýär. Bu türme özüniň ýowuzlygy bilen tanalýar.

Şondan soň, Nepesgulyýewiň Balkan welaýatyndaky “BL-D/5” belgili tussaghana geçirilendigine ynanylýar. Emma türkmen häkimiýetlerine edilen ençeme ýüzlenmelere garamazdan, Nepesgulyýewiň nirededigi ýa-da onuň saglyk ýagdaýy barada anyk maglumat almak başartmady.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş redaktory Nenad Pejic Nepesgulyýewiň tussag edilmegini “Žurnalisti dymdyrmak üçin edilen wagşylarça hereket hem-de adam hukuklarynyň we ynsanperwer standartlaryň bozulmagy” diýip atlandyryp, onuň derhal boşadylmagyny talap etdi.

“Eden-etdilikli tussag edildi”

“Geçen ýylyň sentýabr aýyndan bäri ondan habar alyp bolmaýar. Biz onuň diridigini hem ynamly aýdyp bilemizok” diýip, Nenad Pejic sözüniň üstüni ýetirdi.

Halkara guramalary Nepesgulyýewiň tussag edilmegini ýazgaryp, onuň ýitirim edilmegi, izolirlenen görnüşde tussaglykda saklanylmagy, ony maşgala agzalary bilen görüşmegine rugsat berilmezligi we onuň sud işi döwründe hukuk prosedura düzgünleriniň saklanylmazlygy halkara kanunlarynyň ýiti bozulmagyny görkezýär diýip, onuň tussaglykdan boşadylmagyny talap etdiler.

BMG-niň “Eden-etdilikli tussag etmeler” boýunça iş topary Nepesgulyýewiň azatlykdan mahrum edilmeginiň “eden-etdilikdigini", ýagny bikanun diýlip tapylandygyny habar berip, onuň derhal boşadylmagyna çagyryş etdi. Bu topar “türkmen hökümeti Nepesgulyýewiň zerur bolan hukuk proseduralaryna laýyklykda sud esasynda tussaglyga höküm edilendigini subut edip bilmediler” diýdi.

Nepesgulyýewiň işi baradaky mesele iň soňky gezek 2016-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň jogapkär resmileriniň arasynda geçirilen ýyllyk Adam hukuklary dialogynda ýewropa resmileri tarapyndan gozgaldy. 2015-nji ýylyň awgust aýynda Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatović Nepsgulyýewiň bikanun tussag edilendigini aýdyp, ony boşatmaga çagyrdy.

Orazowa we Meredowa hat

Geçen ýylyň güýz paslynda düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Žurnalistleri goramak baradaky komitet” Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerrä ugradan hatynda Nepesgulyýewiň boşadylmagyny talap etdi. Bu hata agzalýan komitet bilen bir hatarda Dunýa Miýatović, Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň Demokratiýa, Adam hukuklary we Zähmet boýunça sekretarynyň orunbasary Tom Malinowski we Birleşen Ştatlaryň ilçileri George A. Krol, Sheila Gwaltney, Susan M. Elliott, Allan Phillip Mustard we Pamela L. Spratlen dagylar gol goýdular.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Amnesty International guramasy 2015-nji ýylyň awgust aýynda türkmen häkimiýetlerinden Nepesgulyýewiň nirede saklanylýandygyny aýtmagy talap etdi.

2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Freedom House, Norwegiýa Helsinki komiteti, Human Rights Watch, “Pagta kampaniýasy”, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri, “Dünýäniň demokratiýa hereketi”, “Serhetsiz reportýorlar” we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Meret Orazowa we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa hat ugradyp, Nepesgulyýewiň boşadylmagyny talap etdiler.

“Erbediň erbedi”

Freedom House guramasy özüniň soňky 13 ýyldaky hasabatlarynda Türkmenistany dünýäde metbugat azatlygy boýunça “erbediň erbedi” diýilýän ýurtlaryň hatarynda agzaýar. Onuň “Metbugat azatlygy 2016” hasabatynda Türkmenistan 199 ýurduň arasynda 198 orunda ýerleşdirildi. “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň “Bütindünýä Metbugat azatlygy 2016” hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 178 ýerde ýerleşdirildi.

Şu standartlara laýyklykda, Nepesgulyýewiň tussag edilmegi türkmen hökümetiniň media edýän basyşlaryny güýçlendirendigini görkezýär. Nepesgulyýewiň tussaglygynyň dokuzynjy aýyna çenli Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň dokuz habarçysyndan altysy edilýän basyşlar zerarly öz işini taşlamaga mejbur edildi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Muhammad Tahyr: “Nepesgulyýewiň tussag edilmegi türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýurduň ýeke-täk garaşsyz media serişdesini ýok etmek ugrunda yzygiderli alyp baran kampaniýasynyň iň rehimsiz bölegidir” diýýär. Türkmen gullugy onlaýn-Internet diňleýjileri we okyjylary arkaly öz işini dowam etdirýär. Ýöne Tahyryň sözlerine görä, “türkmen hökümeti öz kontrollygynda bolmadyk raýatlaryň [daşarky] aragatnaşyklaryny kesmäge jan edýär”.