Lebap: "Pristroýkalar" ýykylýar
Häzirki wagtda sapma gurluşyklaryň köpçülikleýin ýykylmagynyň sebäbi barada ýerli häkimiýetler halk köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler.
Emma şol binalar derhal aýrylmaly diýlen buýrukdan soň adamlar öz jaýlaryny özleri sökmäge mejbur bolýarlar.
Ilatyň öz sapma jaýlaryny özleriniň ýykmagynyň ýene bir sebäbi bar. Ol hem, eger-de berlen möhletde ony ýykmasaň, onda ony häkimiýetleriň özleri ýykýarlar.
Onsoň öý eýeleri agyr tehnika ulanylyp ýer bilen ýegsan edilen sapma jaýlaryň gurluşyk materiallaryndan, hatda betonyndanam peýdalanyp bilmeýärler.
Bu ýagdaý bolsa sapma jaýlaryň eýelerini aýratyn alada goýýar. Sebäbi olaryň käbirleri diňe bir şol jaýlaryň gurluşygy üçin çykdajy etmän, eýse bu sapma jaýlar, otaglar üçin ýyllar boýy hökümete salgyt hem töläp gelendiklerini aýdýarlar.
Ýykyşlygyň oraza aýyna düşmegi bolsa, agyz bekleýän adamlar üçin goşmaça kynçylyk bolýar.
Diňe çykdajy we goşmaça zähmet däl, adamlar şol sapma jaýlaryň onlarça ýyl mundan ozal gurlandygyna garamazdan, edil häzirki gün näme sebäpden ýykylyp başlanlygyna hem düşünmeýärler.
Bu kararyň sebäbi barada ýolbaşçylar halk köpçüligine hiç hili düşündiriş bermeýärler, emma ýerli häkimlikleriň, adynyň agzalmazlygy şerti bilen Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, “sapma jaýlaryň ýykylmagynyň sebäbi, olaryň il arasynda dawalara sebäp bolýandygy bilen bagly”.