Türkmenabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlary indi agşam sagat 9:00-da ýapylmaly edildi. Ýerli polisiýanyň wekilleri, mundan öň gije sagat 11-e çenli işläp bilýän dükanlara aýlanyp, olaryň ýapylyp-ýapylmandygyna gözegçilik edýärler.
Türkmenabadyň hususy dükanlaryna degişli bu täze düzgün oraza aýynyň başyndan bäri dowam edýär. Onuň sebäbi barada ýerli häkimiýetler hiç hili maglumat ýa düşündiriş bermeýärler.
Emma munuň netijesi satyjylaram, alyjylaram alada goýýar. Günüň häzirki ýaly uzak günlerinde dükanlaryň ozalkydan has ir ýapylmagy oraza aýynda agyzyny bekleýän adamlara aýratyn duýarlykly täsir ýetirýär.
“Häzirki wagtda 8-den 20 minut geçende Gün batýar. Bir agyz çaý-çörek iýip, säherlige gerekli zatlardan alyşdyraly diýip çyksaň, eýýäm dükanlaryň ýapylandygyny görýärsiň. Bu ýagdaý lapyňy keç edýär” diýip, özüni Kemal diýip tanadan 35 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz aýdýar.
Söwdagärlere ýetirýän täsiri
Kemalyň aýtmagyna görä, remezan aýyna azajygam bolsa hormat goýýan hiç bir adam ýurtda beýle düzgün girizmez. Hatda gerek azyk harytlaryny satýan dükanlaryň daň atýança işlemegine rugsat edilmeli diýip, ol sözüniň üstüne goşýar.
Dükanlaryň ýapylmagy söwdagärler üçin hem oňaýsyz ýagdaý döredýär. Sebäbi ençeme maşgalanyň eklenji şol dükanlaryň girdeýjisine bagly.
Käbir söwdagärleriň aýtmagyna görä, oraza aýynda gündizlerine söwda ýörgünli däl, şol sebäpden hem olaryň azyk harytlary o diýen geçmeýär, şeýlelikde bu ýagdaý satlyga çykarylan azyk harytlaryň könelmegine we zaýa bolmagyna getirýär.
“Men gündelik hyýar, pomidor ýumurtga getirýärin, ýöne welin, dükan ir ýapylansoň, kän zat geçenok. Gündizlerine söwda bolmaýar köp adam öýünde ýa iş ýerinde, howa bolsa aşa yssy, eýýäm 40 gradusyň töwereginde” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly söwdagär Serdar gürrüň berýär.
Çäklendirme diňe hususy dükanlara degişli
Bu çäklendirmäniň näme sebäpden diňe hususy dükanlary öz içine alýandygy hem ullakan sorag. Emma ne dükandarlarda, ne-de alyjylarda bu soraga jogap bar. Häkimiýetler bolsa bu çäre we çäredäki adalatsyzlyk barada asla dil ýarmaýarlar.
Beýleki tarapdan, bu ýagdaý, näresmi söwda-satygyň barha möwjemegine hem getirýär. Hususyýetçi Serdar hökümet bize dükanymyzy gije işletmegi gadagan edeni bilen, gijeki söwda ýatanok diýýär. Oňa derek häzir adamlar gije-gündiz öz öýleriniň aýnasyndan haryt satyp başladylar.
“Şol ‘äpişge-dükanlarynda’ ownuk-uşak harytlary alyp bolýar, emma ýapylan dükanlaryň bahasy bilen deňeşdireniňde ‘äpişge-dükanlarynyň’ harytlary has gymmat. Meselem, adaty ýelim gutudaky suwlaryň bahasy 50 teňňe, ýa-da [öňküden] bir manat ýaly gymmat satylýar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan alyjylar aýdýarlar.
Gadagançylyk haçana çenli dowam eder?
Emma bu ähli problemalara garamazdan, hökümet bu kararyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin gaty çynlakaý çäre görýär. Polisiýa hususy telekeçilik patendi bar bolan dükanlaryň agşam sagat 9-lara ýapylmagyna ýörite gözegçilik edýär.
Bu gadagançylygyň haçana çenli dowam etjegi barada hiç hili maglumat ýok, emma dükan eýeleri bu gadagançylyk diňe oraza aýy bilen çäklener diýen umyt bilen, tizräk gaýtadan kadaly söwda-satyga dolanmagy arzuw edýärler.
Gije dükan işletmegi gadagan edýän düzgün ilkinji gezek S.Nyýazowyň döwründe girizildi. Prezident G.Berdimuhamedowyň döwründe bu gadagançylyk birneme gowşadylan ýaly bolup görünse-de, onuň gaýtadan dikeldilmegi ýene-de öňki kyn döwürleri ýada salýar.