Ekspert: Ýewropa parlamenti 'gamçy we köke' emelini ulanýar

Turkmenistan/ÝB baýdaklary

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert, syýasaty öwreniji Ýuriý Fýodrow ÝB-Türkmenistan partnýorlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tassyklanmagynyň ýene bir gezek soňa goýulmagy barada pikirini aýdyp, bu ýerde Ýewropa parlamenti tarapyndan «gamçy we köke» emeliniň ulanylýandygyny öňe sürdi.

«Ýewropa parlamenti Berdimuhamedowyň režimine we prezidentiň özüne, eger-de adam hukuklary babatdaky ýagdaý birneme gowulaşsa, ýewropa gurluşlary bilen, nähilem bolsa bir abraýly proýektleriň üstünde işleşip biljekdigini düşündirmek isleýär» diýip, ol Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Synçy «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy tassyklanan ýagdaýynda Aşgabat näme utýar?» diýen soraga jogap berip, bu şertnamanyň Türkmenistan üçin ozaly günbatara tarap goşmaça energiýa ýolunyň açylmagy nukdaý nazaryndan möhümdigini belledi.

Ikinji tarapdan, ol türkmen režiminiň bu ylalaşykdan propaganda häsiýetli bähbit görmeginiň ahmaldygyny aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz gazyny Hazaryň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykarmaga gyzyklanýar. Emma Fýodrowyň pikiriçe, türkmen gazynyň Hazaryň üstünden Ýewropa ýurtlaryna çykarylmagy barada edilýän gürrüňler, çekilýän planlar «o diýen real däl».

Ýöne muňa garamazdan, synçynyň pikiriçe, dünýä döwletleriniň Eýran bilen baglaşan ýadro şertnamasyndan soň, Türkmenistanyň gazyny Eýranyň, soňra Türkiýäniň üsti bilen ýewropa bazarlaryna çykarmak indi, öňkülere garanda, «has real bolup görünýär».

Şeýle-de Fýodrow, Eýranyň hem öz gazyny Ýewropa çykarmaga gyzyklanýandygyny belläp, bu hili ýagdaýda, ýagny eýran gazyny almak mümkinçiligi köplenden soň, Ýewropada türkmen gazyna mätäçlik bramy diýen soraga «hawa» diýip jogap berdi.

Sebäbi, synçynyň pikirine görä, Ýewropa üçin näçe kän alternatiw energiýa çeşmesi bolsa, energiýa howpsuzlygy nukdaý nazaryndan, şonça-da gowy bolar.