B.Panniýer: Aşgabat ‘Talyban’ bilen ylalaşyp bilmejekdigini aňan bolmaly

"Talyban" jeňçisi

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapyndaky ýarym resmi “Arbaki” ýaragly toparlarynyň komandirlerini Türkmenistana çagyrandygyny anyklamagy başardy.

Eýse, türkmen häkimiýetleriniň häzirki bu ädimine nähili düşünmeli? Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer bu soraga jogap bermäge synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Brýus, Aşgabadyň türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky, aglaba etniki türkmenlerden ybarat, ýarym harby toparlaryň komandirleriniň ençemesini ýurda çagyrandygy belli boldy. Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Azatlyk Radiosy bilen ozal söhbetdeş bolan bu toparlaryň komandirleri Türkmenistanyň olaryň jeňçilere garşy göreşlerinde, şol sanda türkmen serhedini goramak ugrundaky tagallalaryna hem hiç hili hemaýat bermeýändigini aýdyp, zeýrenipdiler. Indi Aşgabat serhet meselesi babatynda öz tutumyny üýtgedýärmi?

B.Panniýer: Bu soragyň jogaby: hawa! Bu bir özgeriş. Mundan owal, Aşgabat öz bitaraplyk statusyna duwlanyp, hiç kimi serhetden bäri geçirmeýärdi. Indi ol özüniň bu syýasatyndan el çekýän ýaly bolup görünýär.

Serhetden geçeniň diňe ýeke-täk bir komandir däldigi-de belli boldy. Aýdylyşyna görä, komandirleriň birine türkmen wizasy üçin, ne-de Türkmenistanda alan medisina bejergisi üçin çykdajy edipdir. Türkmen häkimiýetleri demirgazyk Owganystandaky bu adamynyň özlerine nähilidir bir peýda getirip biljekdigini çaklaýan bolmaly.

Gepiň keltesi, Owganystanyň demirgazygyndaky ýarym resmi ýaragly toparlarynyň birnäçe komandiri Türkmenistanda bolup, öz saglygyna seretdiripdirler. Biz olaryň bu ýere gelmeginiň asyl maksadyny bilmeýäris.

Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden Türkmenistan birdenkä bu ugurdaky tutumyny üýtgedip, komandirleri ýurda çagyrdy?

B.Panniýer: Meniň pikirimçe, Türkmenistan Owganystanyň demirgazyk regionlarynda hereket edýän “Talyban” jeňçileriniň lideri bilen ylalaşyp bilmejekdigine göz ýetiren bolmaly. Aşgabat “Talybanyň” seniň bitarap ýa-da bitarap däldigine garap durmajakdygyny aňan bolmaly.

Golaýda, owgan serhedinde 27 sany türkmen esgeriniň öldürilendigi barada habar çykdy. Elbetde, biz muny tassyklap bilmedik. Ýöne, eger-de bu maglumatyň jany bar bolsa, onda Türkmensitanyň häzirki ädýän ädimlerinde hem bir many görse bolýar.

Aşgabat mundan beýläk serhediň aňry ýüzündäki “Talyban” jeňçilerine ynanyp bolmajakdygyna göz ýetirip, öz serhediniň howpsuzlygyny üpjün etmäge girişen bolarly. Şol sebäpdenem Türkmenistan serhet ýakasyndaky ýarym resmi ýaragly toparlara we polisiýa häkimiýetlerine ýüz tutana meňzeýär.

Azatlyk Radiosy: Bu serhediň goraglylygyny üpjün edip bilermi?

B.Panniýer: Men munuň nähilidir bir oňaýly netije berjekdigini çaklamaýaryn. Eger-de bu ýarym resmi toparlar serhet ýakalaryna gözegçilik eden bolsalardy, onda, hawa, netijelilik barada-da gürrüň etse bolardy.

Emma hakykat ýüzünde, jeňçileriň mundan iki ýyl ozal Türkmenistanyň serhet araçäklerine aralaşandygyny bilýäris ahyryn.

Biz, ýagny Azatlyk Radiosy, bu ýarym resmi harby komandirleriň, polisiýa wekilleriniň Türkmenistanda bolandygyny anykladyk. Muny häzir “Talyban” we oňa ygrarly beýleki jeňçi toparlar hem bilýändirler.

Garaz, nähili hem bolsa, Türkmenistan bu ýarym resmi harby toparlary goldamak arkaly öz serhediniň goraglylygyny üpjün etmegi maksat edinýäne meňzeýär.