"Seçme göwün göwheriňi çar ýana"

Omar Haýýamyň çekilen portreti

Gündogaryň dünýä belli klassygy Omar Haýýam (1048-1123), taryhçylaryň ýazmaklaryna görä, özüne howandarlyk eden seljuk soltany Mälik şa I we wezir Nyzam al-Mülk aradan çykanyndan soň, Isfihany terk etmäge mejbur bolýar we az wagt Maryda ýaşaýar.

Maryda açylan Medeniýet hepdeligine gabatlap, beýik şahyryň rubagylarynyň käbiriniň terjimesini Azatlygyň okyjylaryna hödürlemegi makul bildik.

Rubagylar

Sallançakda - bäbek, tabytda - merhum,
Şular mälim munda akly bolana.
Çek başa badany, sorag berme kän,
Hojaýyn syrlaryn açmaz guluna.

***
Eger degirmeni, hammamy, köşgi
Peşgeş alýan bolsa ruhy gedaý,
Tersine, nan üçin gul bolsa dana,
Beýle adalata tüýkürýän, hudaý!

***

Gözellik däl bir kemissiz dogulmak,
Sebäp ony soňam bolýar öwrenip.
Eger kalby gözel bolsa adamyň,
Daşky görnüş yza süýşýär jöwrenip.

***

Näçe göwni göýdük bolsa adamyň,
Şonça-da temegin galdyr ýokaryk.
Çünki kalby bilen ýetmedik ýerne
Hapa burny bilen ýetjek bor baryp.

***

Şaty gören köp aňlaýar durmuşdan,
Bal gadyryn gowy bilýär zäk iýen;
Kän aglanlar gülýär gülse ýürekden,
Ölen bilýär näme ýaşaýyş diýen?

***

Biz şatlygyň hemem gaýgyň gözbaşy,
Hem hapa, hem tämiz ezelden, hakdan.
Adam dünýäň aýnasy deý müň öwsen,
Ol hem ejiz, hemem belent çen-çakdan!

***

Güýçli bilen baýa bahyllyk etme,
Şapak bar yzynda guwansaň daňa.
Bu durmuş bir demdir, bil ony şeýle,
Amanat mal ýaly çemeleş oňa.

***

Ýeke, ýalňyz galan ýagşy çem gelen,
Ýat, bigänä ülpet bolup gidenden.
Seçme göwün göwheriňi çar ýana ,
Ýakyn duşsa, mähir tapylmaz sende.