Türkmen görnüşleri - 26-njy hepde
Aşgabadyň seýilgähleriniň birinde agajyň kölegesinde dynç alýan zenanlar. Türkmenistanda tomus paslynda käbir zenanlar günden goranmak üçin ak ýaglyk atynýarlar.
Çagasynyň oýnuna gözegçilik edip oturan ene.
Aşgabadyň demir ýol wokzalynda otly wagonlaryna gözegçilik edýän demir ýol işgäri.
Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň çanak antennalaryny aýyrýan agyr tehnika.
Aşgabadyň Ylham seýilgähindäki suw çüwdürimlerini arassalaýan komunal hojalyk gullugynyň işgärleri.
Paýtagtyň Parahat-4 etrapçasynda jaýlara gurlan goşmaça gurluşyklary, il içinde aýdylyşy ýaly "pristroýkalary" ýykmak işleri dowam edýär.