Türkmen prezidenti rektora 'desga üçin' käýedi

Rektora 'sport desgalaryny talabalaýyk ýagdaýda saklamakda kemçiliklere ýol berendigi üçin' käýinç berildi.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory Alladurdy Saryýewe berk käýinç yglan edildi.

Türkmen mediasy oňa bu käýinjiň «wezipe-borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, sport desgalaryny talabalaýyk ýagdaýda saklamakda kemçiliklere ýol berendigi üçin” berlendigini habar berýär.

Şeýle-de rektora, «ýol beren kemçiliklerini gysga wagt içinde düzetmese», eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýdurylypdyr.