Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýunda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň biznes merkezine baryp, telekeçilere ýer böleklerini bermek baradaky karara gol çekdi.
Türkmen metbugaty bu duşuşygyň esasy maksadynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň öňünde duran wezipeleri we olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemekden ybarat bolandygyny ýazýar.
Prezident Berdimuhamedow öz çykyşynyň başynda ýurtda «bazar ykdysadyýetini emele getirmek boýunça anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini», şonuň bilen bir wagtda ýurduň telekeçilerine «uly maliýe goldawynyň hem berilýändigini» aýdypdyr.
Şeýle-de prezident häzir ýurtda söwda we hyzmatlar ulgamynda «hyzmatlaryň 90 prosentden gowragyny telekeçileriň amala aşyrýandygyny» belläp, ýurduň iş adamlarynyň gazanýan üstünliklerine «ýokary baha» berdi.
Prezidentiň sözünde ýurduň telekeçileriniň iş orunlaryny döretmekdäki hyzmatlary hem bellenilýär, emma bu barada anyk sanlar getirilmeýär.
Şol bir wagtda prezident telekeçileriň bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary hili önümleri öndürmek wezipesini ýatlatdy.
«2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümiň möçberinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly däl pudagynyň paýy 70 göterime ýetirilmelidir» diýip, prezident aýtdy.
Emma duşuşykda, berilýän resmi habardan çen tutulsa, bu wezipäniň nähili ýerine ýetiriljekdigi, türkmen telekeçileriniň işine ol ýa-da beýleki görnüşde aýakbagy bolýan kynçylyklary aradan aýyrmak barada anyk gürrüň edilmedi.
Duşuşykda telekeçileriň hem öz teklipleri bilen çykyş edendigi habar berilýär. Emma telewideniýäniň habarynda ol teklipleriň esasan prezidente minnetdarlyk sözlerinden durýandygy görünýär.
Ýagny olar ýurduň prezidentine özlerine döredilýän gowy iş mümkinçilikleri, ýeňillikli karzlar üçin minnetdarlyk bildirýärler.
Şol bir wagtda, Aşgabat şäheriniň telekeçileriniň adyndan edilen teklipde öň kärende şerti bilen bölünip berlen ýer bölekleriniň hususy taraplara hemişelik peýdalanmaga berilmegi soralýar.
Prezident bu teklipden soň, Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek baradaky karara hem-de ýurduň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna dürli taslamalary amala aşyrmak üçin ýer böleklerini bermek baradaky buýruga gol çekipdir.
Bu buýruk esasynda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde degişli ýer böleklerini bermek boýunça zerur bolan dokumentleri resmileşdirmek tabşyryldy.
Ýene bir täzelik, indi Türkmenistanda balyk ösdürip ýetişdirýän döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler balyk hojalyk desgalary üçin bölünip berlen ýerleri babatda ýer üçin tölegden, ýer üçin kärende töleginden boşadylýar.
Mundanam başga, prezident ýerli telekeçilere goldaw üçin, bahasy birnäçe milliard amerikan dollaryna durýan Kaliý dökünleri kärhanasynyň, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine ynanylmagyny karar edendigini aýtdy.
Türkmen metbugaty sekiz ýyl ozal döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň orta we kiçi biznesiň 14 ýarym müň wekilini özünde jemleýändigini habar berýär.