Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Muhammad Alyny “dogry iş ugrunda göreşen” beýik çempion hökmünde häsiýetlendirdi.
Boks äleminde ady rowaýata öwrülen Muhammad Alynyň ölüm habaryna dünýäniň çar künjeginde gynanç bildirildi, meşhur sport ussadynyň, göreşijiniň hormatyna gül çemenleri goýuldy.
4-nji iýunda, parkinson keseli bilen uzak tutluşykdan soň, 74 ýaşynda aradan çykan ussadyň jesedi 10-njy iýunda dogduk mekany Luiswilde, Kentukki ştatynda topraga berler.
Azatlyk radiosy meşhur boksçynyň aýdan we gowy görlen sözlerinden bir çemen baglap, “dogry iş ugrunda göreşen” şahsyň durmuş ýörelgelerini görkezýän pikirleriniň bir bölegini okyjylaryna hödürlemegi makul bildi.
Muhammad Alynyň aýdan sözleri
Men özüme "Iň beýik" diýdim, hiç wagt "iň akylly" diýmedim.
Men ýolugruma ýalňyş baryny etdim, ýöne eger birje adamyň ömrüni gowulyga tarap özgerden bolsamam, birderek ýaşamadygym.
Seni halys edýän öňüňdäki üstüne çykmaly daglar däl, köwşüň içindäki owunjak daşlar.
Töwekgelliklere gaýrat tapmaýan adam durmuşda hiç bir zadyň hötdesinden gelmez.
Eger sen meni hatda düýşüňde-de ýeňen bolsaň, gowusy oýan-da, ötünç sora.
Bokslaşmak bir topar ak adamyň tomaşasy üçin iki sany gara erkegiň bir-birini ýençmegidir.
Ýaş seniň edýän pikiriňden başga hiç zat däldir. Sen özüňi näçe garry saýsaň, şonça-da garrysyň.
Durmuş bir humar. Seniň ynjamagyň mümkin, emma adamlar uçar heläkçiliklerinde hem ölýärler, ýol hadysalarynda ellerini, aýaklaryny ýitirýärler; adamlar her gün ölýär. Bu söweşijiler babatda hem şeýle: käbirleri ölýär, käbirleri ýaralanýar, käbirleri ýoluny dowam edýär. Sen diňe bu zatlaryň özüňe boljagyna ynanmaly däl.
Sonni Liston hiç kim. Ol adam gürläp bilenok. Ol adam urşup bilenok. Oňa gürlemek derslerini almak gerek. Oňa bokslaşmak derslerini almak gerek. Bulardan başga, meniň bilen bokslaşmakçy bolansoň, oňa ýykylmak derslerini hem almak gerek.
Men öýde gowy oglan, emma dünýäniň muny bilmegini islämok. Şuňa gözüm ýetdi: kiçigöwün adamlar gaty uzaga gidip bilmeýär.
Dünýä elli ýaşynda hem ýigrimi ýaşynda garaýşy ýaly garaýan adam öz ömrüniň otuz ýylyny ýitirendir.
Adamlaryň synag bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gorkmaklarynyň sebäbi ynamsyzlyk bilen bagly, şu sebäpden men özüme ynandym.
Prinsiplerim meniň puluma ýa-da derjäme garanda has möhüm.
Dogry jogaby bilmeýän wagtyň dymmak altyna barabardyr.
Eger uly darkaşda ýeňilseň, bu seni bütin ömrüňe ünjä goýar. Bu seni, aryňy alyp dynmasaň, halys edip ýykar.
Dostluk... mekdepde öwrenilýän zat däl. Emma sen dostlugyň manysyny öwrenmedik bolsaň, hakykatda hiç zat öwrenen dälsiň.
Ömrüň her gününi soňky günüň ýaly ýaşa, sebäbi bir gün sen mamla bolarsyň.
Maňa nebsiňiz agyrmasyn.