Türkmen görnüşleri - 23-nji hepde

Aşgabatdaky bankomatlaryň birinden pul çekmäge synanyşýan ýaşaýjylar.

Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrunda pyýadalaryň ýoldan geçmegi üçin niýetlenen ýörite köprüler gurulýar. Şol körüleriň iň soňkularynyň birinde alnyp barylýan gurluşyk işleri.

Geçen hepde Aşgabatda ýagan güýçli ýagşyň yzýany, komunal hojalyk edarasynyň işgärleri ýoluň ugrunda üýşen ýagyn suwlaryny arassalaýarlar.

Ahal welaýatynyň çäginde ýolagçy otlusynyň geçmegine garaşýan awtoulag sürüjileri.

Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlara goşmaça gurlan otaglar, ýagny il içinde aýdylyşy ýaly "pristroýkalar" ýykylýar. Şol ýykylan otaglaryň gurluşyk galyndylarynyň ençeme günläp etrapçanyň howlularyndan aýrylmaýandygy habar berilýär.

Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda ýagyn suwlarynyň golaýyndan seresaplylyk bilen geçip barýan ýaşaýjy.