Man Bookeri Han Kang utdy

Han Kang we onuň britaniýaly terjimeçisi Deborah Smith

Günorta koreýaly ýazyjy Han Kang we onuň terjimeçisi Deborah Smith Nobel baýragynyň eýesi Orhan Pamuk, halkara bestseller Ýelena Ferrante dagydan üstün çykyp, halkara Man Buker (Man Booker International) baýragyny utdy.

Han terjimeçisi Smith bilen deň bölüşjek £50,000 baýragyna üç bölekden ybarat «Wegeterian» romany üçin mynasyp boldy.

Bu romanda «adaty bir aýalyň» wegeterian bolşy, ýagny ösümliklerden iýmitlenmek kararyna gelşi hakynda gürrüň berilýär. Emma bu gapma-garşylykly karar onuň adamsyny, kakasyny gahar-gazaba çykarýar, bulardan başga ol aýal doganynyň adamsynyň hem iňirdilerini çekmeli bolýar. Bu ýagdaý ol aýaly, Ýoň Hiýi ýygy-ýygydan agaç bolmak arzuwyna çümmäge mejbur edýär.

Duşenbe güni Londondaky «Victoria & Albert» muzeýinde bolan baýrak gowşuryş dabarasynda Han bu baýragyň «başyny gök diredendigini» aýtdy.

Şeýle-de ýazyjy on ýyl mundan öň ýazan romanynyň baýrak almagynyň biraz geňdigini, indiki hepde özüniň täze kitabynyň çykýandygyny aýtdy.

«Wegeterian» romany halkara Man Buker baýragyna hödürlenen 155 kitabyň diňe biridi. Ol kitaplaryň içinden Ýelena Ferranteniň «Nepolitan tapgyrlary», «Ýitirilen çaganyň hekaýasy», Orhan Pamugyň «Meniň kellämdäki geňsilikler» kitaplary finala çykypdy.

Halkara Man Buker baýragyna mundan ozal mynasyp bolan ýazyjylaryň arasynda Philip Roth, Chinua Achebe we László Krasznahorkai ýaly ýazyjylar bar.