"Türkmen hökümeti maňa, maşgalama basyş edýär"

Akmuhammet Baýhan

Şu gün, ýagny 17-nji maýda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň resmileriniň arasynda ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýyllyk Dialog geçirilýär. Bu duşuşygyň öňýanynda, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän birnäçe gurama beýanat ýaýratdylar.

Bu beýanatda, häkimiýet daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlary, graždan aktiwistlerini we öz pikirini aýtmaga gaýrat tapýanlary yzarlamagy we olara basyş etmegi dowam etdirýär diýilýär.

Şeýle-de, onda häkimiýetler tarapyndan basyş edilýändigi aýdylýan şol türkmenistanlylaryň arasynda Moskwada ýaşaýan türkmen raýaty Akmuhammet Baýhanyň hem ady agzalýar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir onuň bilen söhbetdeş bolup, oňa edilýän basyşlar barada gürrüň bermegi sorady.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Türkmen hökümeti maňa, maşgalama basyş edýär"