Lebap: Zelilide gurluşyk işleri güýçlendi

Bu ýerdäki gurluşykçylaryň aýtmagyna görä, üç ýyl bäri gurulýan bu obanyň açylyş dabarasyna prezidentiň gelmegine garaşylýar.

Hut şu sebäpli açylyşyň öň ýanyndaky soňky taýýarlyk işlerine öňküden has köp işgär we tehnika çekilipdir.

Häzirki wagta bu ýerde arassalaýyş işleri bilen birlikde gije-gündiz täze ýollaryň gurluşygy dowam edýär.

Ýanýollarda jähekler goýlup, ýollaryň gyralaryna hem täze nahallar oturdylýar.

Bu günler gurluşyk meýdançasynda degişli etrap we welaýat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sany hem artdy. Olar bu ýerde alnyp barylýan işleriň “depginine gözegçilik edýärler” diýip, şol ýerde işleýän işgärler aýdýarlar.

Täze Zelili obasy 210 gektar meýdany tutýar. 

Bu ýerde döwlet hem-de hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan 600 töweregi täze jaý, 600 orunlyk mekdep, 280 orunlyk çagalar bagy, şeýle-de, adatça, oba ýerine o diýen mahsus bolmadyk parklaryň gurluşygy alnyp barýarlar.

Zelili obasy prezident G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlansa-da, onuň bu oba geljek güni barada halka takyk hiç bir maglumat berilmeýär.