Orsýet krym tatarlarynyň geňeşini gadagan etdi

"Krymtatar Milli Mejlisiniň" başlygy Refat Çubarow.

Ukrainanyň Moskwa tarapyndan Orsýete bikanun birikdirilen Krym ýarymadasynda milli azlykda ýaşaýan krym tatarlarynyň ýerine ýetiriji geňeşi, ýagny "Krymtatar Milli Mejlisi" okkupasion häkimiýetler tarapyndan ekstremistik gurama diýlip, gadagan edildi.

26-njy aprelde regionyň Ýokary kazyýeti tarapyndan çykarylan karar krym tatarlarynyň işjeňligini çäklendirmek üçin edilýän göçümleriň ýene biri boldy. Krym tatarlary Orsýetiň Ukrainanyň bu regionynda öz häkimiýetini ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna güýçli garşylyk görkezip gelýärler.

Öten hepdede Orsýetiň Adalat ministrligi krym tatarlarynyň milli geňeşi "Mejlisiň" ekstremistik işjeňlikde aýyplanýan raýat we dini guramalaryň sanawyna girizilendigini habar berdi.

Kazyýetiň hökümi Adalat ministrliginiň ýerli resmilere dürli guramalary, şol sanda gazet-žurnallary-da ýapmaga we zerur bolan halatynda olaryň kompýuterlerini şeýle-de beýleki baýlyklaryny konfiskasiýa etmäge täze ygtyýarlyk berendigini tassyklaýar.

Krym tatarlarynyň aglabasy ‘zeýrenýär’

Ýarymadanyň 2.5 million ilatynyň 12 prosent çemesini düzýän tatarlaryň aglabasy, Orsýet iki ýyl mundan ozal regiony basyp alandan soň, Krymdan gaçdylar.

Orsýetiň habar gullugy "TASS" Moskwanyň Kryma bellän ýokary prokurory Natalýa Poklonskaýa salgylanyp, mundan beýläk "Mejlis" tarapyndan Krymyň territoriýasynda edilen her bir işe bikanun hereket diýip garaljakdygyny bildirdi.

“Mejlise” ýolbaşçylyk edýän kanun çykaryjy Refat Çubarow Kiýewde žurnalistlere geňeşiň şeýle hem oňa degişli beýleki organlaryň indi öz işlerini dolulygyna Kiýewde alyp barjakdygyny aýtdy.

Tatarlaryň aglabasy Moskwa tarapyndan goldalýan häkimiýetleriň özlerine dyngysyz ezýet-azar berýändiginden zeýrenýärler. Ençeme adam gürüm-jürüm boldy. Takyk sany näbelli bu adamlaryň Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tutulan bolmagy ähtimal.

Türki dilli musulman tatarlar ýarymadada asyrlar boýy kynçylyk çekip geldiler, käwagtlar gatnaşyklary bu ýerde ýaşaýan orslar, ukrainler we beleki etnik toparlar bilen aňsat bolmady.

"Bökdençsiz mümkinçilik"

Ikinji jahan urşunda nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýänlikde aýyplanyp, Sowet lideri Stalin tarapyndan ýüz müňlerçe tatarlar Orta Aziýa sürgün edildiler.

Sürgün edilen bu adamlar we olaryň agtyk-çowluklary 1980-nji ýyllarda Kryma dolanmaga başladylar. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargan döwründe gurlan "Mejlis" Kiýewdäki merkezi hökümet tarapyndan 1999-njy ýylda kanunlaşdyryldy.

Krymy eýelemäge tutaryk edilip, Mowka tarapyndan 2014-nji ýylda referendum geçirilende "Mejlis" Krym tatarlarynyň ses berişligi boýkot edýändigini yglan etdi.

Birleşen Milletler Guramasy bu ugurdan geçirilen ses berişlikde sesleriň köplügi bilen Krymyň Ukrainanyň territoriýasydygyny tassyklady.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň sudunyň "Mejlisi" gadagan etmek baradaky kararyny ýazgaryp, adam hukuklary guramalaryna ýarymadadaky problemalara gözegçilik etmäge "bökdençsiz mümkinçilik" berilmegine çagyrdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar bilen birlikde Günbatar hökümetleriniň ençemesi Moskwany we ýerli häkimiýetleri alyp barýan syýasatlary bilen krym tatarlarynyň işjeňligini çäklendirýänligi üçin telim gezek tankytladylar.

Okkupasion häkimiýetler beýleki garaşsyz media neşirleri bilen birlikde öten ýyl ýarymadadaky tatar dilinde gepleşik berýän telekanaly-da ýapdylar.

Öten hepde Orsýetiň Adalat ministrligi "Mejlisi" ekstremistik guramalaryň sanawyna girizendigini yglan edeninde, amerikan hökümeti ors häkimiýetleriniň Krymdaky tatar meselesi boýunça karar çykarmaga hukugy ýok diýdi.

Krymyň okkupasion häkimiýetleri Orsýetiň ýarymadany basyp almagyny tankytlan ýa regiondaky problemalar hakda habar ýaýradan beýleki adamlary we guramalary hem nyşana alýarlar.

Mysal üçin, Azatlyk Radiosy we onuň "Krym.Realii" websaýty bilen hyzmatdaşlyk eden bir ýerli žurnalistiň garsysyna, "köpçülikleýin habar serişdesi arkaly Orsýetiň territorial bütewiligini gowşadandygy" üçin diýlip, jenaýat işi gozgaldy.