Dermanlaryň akyla täsiri anyklandy

Illýustrasiýa suraty

Amerikan alymlary demgysma, allergiýa, depressiýa, ukusyzlyk, ýürek-damar we hatda sowuklama ýaly keselleri bejermek üçin giňişleýin ulanylýan dermanlar ýatkeşlige we beýniniň iş ukybyna zeper ýetirip, demensiýa - kemakyllyga getirip bilýär diýen netijä geldiler.

Indiana uniwersitetiniň medisina mekdebiniň (University School of Medicine in Indianapolis) alymlary 70-75 ýaş aralygyndaky 451 adamynyň gatnaşmagynda barlag geçirdiler. Olardan 60 meýletinçi birnäçe aýyň dowamynda antiholinerik, ýagny demgysma garşy dermanlarda ulanylýan serişdeleri aldylar. Berlen dermanlaryň arasynda Benadryl, Tylenol PM и Advil PM, şeýle-de antidepressantlar we adamynyň hereketlenmegine degişli keselleri bejermek üçin dermanlar agzaldy.

Barlagyň netijesi

Bu adamlaryň ozal kemakyllyk ýa-da beýniniň iş ukyby bilen bagly hiç hili keselçilikden ejir çekmändigi bellenildi.

Habar berlişine görä, barlaglara gatnaşan adamlaryň ýatkeşligi, beýniniň newrologiýa ugrundan ýagdaýy barlanyp, adamlaryň beýnisinde glýukozanyň özleşmegi, ýagny energiýa öwrülmegi boýunça işiň haýallandygy anyklanypdyr. Aýratynam munuň beýniniň ýatkeşlige jogap berýän böleklerine degişlidigi bellenilýär.

Adamynyň ýatkeşligini we ýerine ýetirijilik ukybyny anyklamak boýunça geçirilen synaglaryň netijesinde derman berlen adamlaryň beýlekilerden has ýaramaz netije görkezendigi anyklandy.

Bu ylmy açyşy eden alymlar agzalýan barlaglaryň çäkli derejede geçirilendigini belleýärler, şol bir wagtda-da olar näsaglara derman hödürlenende oňyn we zyýanly taraplaryny hasaba almaga we töwekgelçilige üns bermäge çagyrýarlar.

Mundan öň kemakyllyga uçramak töwekgelçiligini artdyrýan dermanlaryň arasynda aşgazan-içege kesellerini, şol sanda sarygaýnamany bejermek üçin ulanylýan däri-dermanlar hem agzalypdy.

Germaniýaly alymlar aşgazan-içege organlarynyň turşulyk bilen bagly kesellerine garşy ulanylýan dermanlaryň hem kemakyllyk keseliniň döremeginiň töwekgelçiligini artdyrýandygyny habar beripdiler.

Kemakyllyk

Demensiýa – ýagny, adamynyň ýatkeşliginiň, pikirlenmek, gündeki adaty işleri ýerine ýetirmek ukybynyň gowşamagy, adatça, gartaşan adamlarda duş gelýän hem bolsa, bu garramak prosesiniň hökmany bir bölegi hasaplanmaýar.

BMG-niň maglumatyna görä, dünýäde demensiýa uçranlaryň sany 35 milliondan gowrak diýlip hasaplanýar we olaryň sanynyň her 20 ýylda iki esse köpeljekdigi çak edilýär.