Türkmen görnüşleri - 17-nji hepde
Aşgabadyň Halturin köçesiniň ugrunda gazuw işlerini geçirýän işçiler we ýaşaýjylar.
Aşgabadyň Parahat-4 etrapçasyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň biriniň golaýynda çanak antenna. Soňky ýyllarda paýtagty etrapçalarynyň ençemesinden çanak antennalar sökülip, onuň ýerine döwlet eýeçiligindäki kabel liniýalar çekildi.
Paýtagtyň Sewastopol köçesiniň ugrundaky dükanlaryň birinde satylýan sübseler.
Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklaryň birinde arakesme wagty dynç alýan işçi.
Mary-Serhetabat ýoly. Bu ýolda eýýäm ençeme ýyl bäri abatlaýyş ileriniň geçirilmeýändigi habar berilýär.
Aşgabatda gartaşan ýaşulynyň ýoldan geçmegine kömek edýän ýaşaýjy.
Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde sandan çykan oturgyç.