Ykdysady aladalar öňki sowet 'diktaturalaryna' howp salýar

Freedom House, 2016-njy ýylyň dünýä kartasy

Freedom House, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän «Azatlyk öýi» ykdysady kynçylyklaryň öňki sowet ýurtlarynda «kök uran diktaturalaryň» durnuklylygyna wehim salýandygyny, migrasiýa krizisiniň Gündogar Ýewropada populizmi güýçlendirýändigini, Balkan ýurtlaryndaky reformalaryň depgininiň peselýändigini duýdurýar.

2015-nji ýylda «Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň «görnetin awtokratiýany bagra basmasy» has çuňlaşdy diýip, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän adam hukuklary guramasy aýdýar.

«Freedom House» bu netijelere özüniň ýyllyk Geçiş döwletleri hasabatynda, ozalky Sowet Soýuzynyň we Balkan ýurtlarynyň, Merkezi Ýewropanyň 29 ýurdundaky demokratik ösüşlere beren synynda gelýär.