Aşgabat: Tigirli marafon

6-njy aprelde Aşgabatda welosipedli, ýagny tigirli ýöriş geçirildi.

Bu ýörişe ýokary okuw jaýlarynyň studentleri bilen bir hatarda, döwlet-edara kärhanalaryň işgärleri hem gatnaşdylar.

Bu çäreleriň ilatyň gündelik durmuşyna täsir ýetirendigi habar berilýär.

Paýtagtdaky köçeleriň ençemesi ýapyldy.

Şeýle-de, käbir döwlet edara-kärhanalarynyň işlemeýändigi habar berilýär.

Türkmenistanda "Sagdynlyk we bagtyýarlyk" aýy 5-nji maýa çenli dowam eder.