Daglyk-Garabag: Ok atyşygy duruzmak boýunça ylalaşyk güýjünde galýar

Daglyk-Garabagyň söweşijileri. 6-njy aprel, 2016 ý.

Azerbaýjanyň öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Daglyk-Garabag sebitinde ýüze çykan üç günlük ýaragly çaknyşyklardan soň ok atyşyklary bes etmek boýunça gelnen özara ylalaşyk saklanýar.

Daglyk-Garabagda Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistler bilen Azerbaýjanyň harby güýçleriniň arasynda 2-nji aprelde gaýtadan ýaragly çaknyşyklar başlandy.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ozal Daglyk-Garabagyň üstünde 1988-94-nji ýyllar aralygynda uruş turupdy. Şol uruşda 30 müňden gowrak adam öldürildi. Çaknyşyklar togtadylsa-da, halkara araçylarynyň bu konflikti gutarnykly çözmek ugrundaky tagallalary häzire çenli-de başa barman gelýär.

Russiýa bilen ABŞ 5-nij aprelde gelnen ylalşygy gowy garşyladylar. Emma olar taraplary gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrdylar.

Bu konflikt boýunça “Minsk topary” diýlip atlandyrylýan – Farnsiýadan, Russiýadan we ABŞ-dan – ybarat araçylar 6-njy aprelde Bakuwda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdylar. Araçylar “syýasy prosese dolanmagyň möhümdigini” aýratyn belläp geçdiler.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň 6-njy aprelde Berline edýän saparynyň çäginde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we prezidenti Joahim Gauk bilen geçirýän duşuşyklarynda hem Daglyk-Garabag meselesiniň gozgalmagyna garaşylýar.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 6-njy aprelde Bakuwa ugrady.

Azeri we ermeni taraplary 5-nji aprelde atyşyklary ýerli wagt bilen öýlän 12:00-de duruzmak barada ylalaşdylar.

Azerbaýjanyň aglaba etniki ermeniler ýaşaýan ýeri bolan bu welaýatynyň üstünde 1988-nji ýyldan başlap, ýiti konflikt döredi. 1991-nji ýylda Daglyk-Garabag diýen respbulika öz-özüni garaşsyz diýip yglan etdi. Ol 1992-nji ýylda garaşsyzlyk deklarasiýasyny kabul etdi. Öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden bu respublika halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilenok.

Taraplaryň ikisi-de soňky çaknyşyklaryň sebäpkäri hökmünde birek-biregi aýyplaýarlar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi çaknyşykda 31 azerbaýjan esgeriniň heläk bolandygyny, şeýle-de bir dikuçarynyň we tankynyň ýok edilendigini mälim edýär.

Ermeni tarapyndan 29 söweşijiniň öldürilip, 28-niň hem dereksiz ýitendigi aýdylýar.