Türkmenistanyň halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa Türkiýede Gran-Pri tapgyrynda geçirilen halkara dzýuda bäsleşiginde nobatdaky altyn medalyny gazandy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Ol Türkiýäniň Samsun şäherinde geçirilen ýaryşlarda ýeňiji boldy.
Braziliýada geçiriljek Olimpiadanyň öňünden geçirilýän ýokary derejeli ýaryşa dünýäniň 67 ýurdundan 400-e golaý dzýudoçy gatnaşdy.
Türkmenistanly sport ussady 52 kilograma çenli agramda çykyş edip, ýeňiş gazandy. Gülbadam ýaryşda dört tutluşyga girip, dört gezek hem ýeňiji boldy.
Ol türkiýeli, mongoliýaly, portugaliýaly we ispaniýaly dzýudoçylary ýeňdi. G.Babamyradowa dünýä we olimpia reýtinglerinde iň güýçli on dzýudaçynyň hatyryna girýär.
Gülbadam indi maý aýynda Meksikada geçirilmeli Gran-Pri ýaryşyna gatnaşmaly.
Bu ýaryşlar Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Olimpiada üçin jemleýji derejeleri kesgitlär.