Bugaýew: Ýüň karary monopoliýany güýçlendirýär

Türkmen çopany

Türkmenistanyň prezidenti 25-nji martda ýurtda öndürilýän mal ýüňüni we ýüňden öndürilýän önümleri, şol sanda elde dokalýan haly we haly önümlerini daşary ýurtlarda ýerlemäge ygtyýar berýän karara gol çekdi.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu karar ýerli önüm öndürijileri goldamak maksady bilen kabul edilipdir.

Dokumentde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere Türkmenistanda öndürilýän ýüňi, saryja goýnuň ýazlyk ýüňünden başga, daşary ýurtlara ýerlemäge ygtyýar berilýändigi aýdylýar.

Eýsem täze karar garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen emeli päsgelçilikler zerarly iň bir arzysyz harytlaryň birine öwrülen mal ýüňüniň «maňlaýyny» açarmy?

Azatlyk radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan, asly balkanly we maldarçylyk problemalaryna belet ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ýüň karary monopoliýany güýçlendirýär