Pul geçirmegiň hupbatlary

Bankdaky nobat

Bankyň üsti bilen pul geçirimleri bilen bagly iki aý töweregi mundan ozal girizilen täze düzgün barha bekidilýär. Bu ýagdaý diňe puly daşary ýurtlara ugratmak bilen çäklenmän, Türkmenistanyň içindäki pul geçirimlerini hem öz içine alýar.

Bank pul geçirmek isleýän admlardan dürli dokumentleri talap edýär, olaryň arasynda geçirilmeli puluň nädip gazanylandygyny görkezýän goşmaça dokumentler hem bar. Bu şert başga birine däl, öz adyndaky kartoçkasyna pul geçirmekçi bolýan müşderilere hem degişli.

Bankomat kartoçkalarynyň ilat köpçüligine ýaýradylyp başlanmagyndan bäri aradan kän wagt geçenok, emma onuň döredýän ýeňillikleri sebäpli ol soňky döwürde halk arasynda barha meşhurlyk gazanyp başlady.

Agzalýan Bankomat kartoçkasy islendik ýerde öz kartoçkaňa goýlan puly almak ýaly mümkinçilikleri berýär. Türkmenistanyň ilaty daşary ýurtlarda kän ýyllardan bäri ulanylýan we ATM kartlary diýlip hem atlandyrylýan bu kartoçkalaryň hözürini ýaňy-ýaňy görüp başlady.

“Meniň iki sany bankomat kartym bar, häzirki wagtda onuň birini doganyma berdim. Oňa aýda pul geçirýärin. Öýde gurluşyk gidensoň, ussalaryň hakyny ol şol kartoçka arkaly hasabymdan çykaryp berýärdi” diýip, özüni Döwlet diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky maryly ildeşimiz gürrüň berýär.

Soňky girizilen düzgün Döwlediň ýagdaýyny has kynlaşdyrdy, sebäbi ol wezipesi boýunça meydanda işleýär, gazanjyny bank hasabyna ýatyrmak üçin ol mundan beýläk şol puly gazanan ýerleriniň hersinden dokument getirmeli. Munuň üçin uzak wagt gerek, hatda bu ýagdaý käbir halatlarda mümkinem däl.

Döwlet bu barada “Bu düzgünler girizileli bäri, men bankomat kartoçkamyň ýeňilligini göremok, öň nobata durup pulumy banka ýatyrýardym, bu kartoçka pul geçirmäne gowy ýeňillik döretdi diýsem, indi olam bir alada boldy” diýýär.

Bankomat kartlaryndan ozal ýurduň içinde esasy pul geçirimleri poçta arkaly amala aşyrylýardy. Emma poçtanyň hyzmatlary tölegli. Häzirki wagtda poçtadan geçirilen pul üçin geçirilýän puluň summasynyň 10%-i tölenýär.

Poçta we Bankomat kartlaryndan başga ýurtda “Gyrat” atly tiz pul geçirim systemasy hem işleýär. Poçtanyň nyrhy bilen deňeşdirlende ol amatlyrak, meselem, bu sistema arkaly iberilýän pul summasynyň 3%-ni tölemek bilen pul iberip bolýar. Emma bu hyzmaty banklaryň hemmesi üpjün etmeýär.

“Gyrat” hyzmaty üç günüň içinde puly geçirýär, emma men indi onuň üçin goşmaça girdejim hakdaky sprawka almaly. Her aýda beýdip sprawka alyp durjak bolsaňam, aňsat däl. Edaramyzam her gezek şol sprawkalary bermeýär” diýip, özüni Gurbangül diýip tanadan 45 ýaşlaryndaky maryly ildeşimiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Bu ýagdaý erkin söwda bilen meşgullanýan adamlar üçin hasam kynçylyk döredýär, sebäbi olaryň söwdasy köplenç nagt pula edilýär, ýagny dokumentleşdirilmeýär. Dokument bolmansoň, ol puly banka ýatyryp bolanok, ýa bank arkaly kimdir birine iberip bolmaýar.

Bu kynçylyklar sebäpli adamlar soňky günlerde, bu ýagdaýdan özboluşly çykalga tapypdyrlar, meselem, welaýatara pul iberiljek bolsa, bu hyzmaty hususy taksiçiler amala aşyryp başlapdyrlar, olara bu hyzmatlary üçin belli bir töleg edilýär. Bu bankyňkydan has amatly hyzmat: arzan we çalt.

Pul geçirimleri üçin girizilýän şertleriň barha kynlaşdyrylmagy, taksi hyzmaty we şoňa meňzeş beýleki hyzmatlaryň barha meşhur bolmagyna getirer diýlip garaşylýar. Bu hem gara bazaryň barha ýaýrap barýandygynyň ýene bir alamaty bolup durýar diýse bolar.