19-njy martda Stambulyň söwda etrabynda özüni partladan bombaçy özünden başga dört adamy öldürdi, 36 adamy bolsa ýaralady. Bu Türkiýede şu ýylda edilen dördünji şeýle hüjüm boldy.
19-njy martdaky hüjüm Istiklal köçesinde, halkara dükanlary bilen daşary ýurt konsulluklarynyň orun tutan uzyn hatarynda, söwda we turizm etrabynda amala aşyryldy.
Saglyk ministri Mehmet Muezzinoglu ýaralylaryň ýedisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny, azyndan 12-siniň daşary ýurtludygyny tassyk etdi.
Eýsem Türkiýede soňky döwürde amala aşyrylýan partlamalar, janyndan geçen terrorçylaryň hüjümleri bilen bagly döreýän dartgytnly ýagdaý bu ýurtdaky migrantlara, şol sanda türkmenistanly işçilere nähili täsir ýetirýär?
Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany şu meselä bagyşlandy we ony diňläp, öz pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýays.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar