Aşgabatda ýene dükanlar ýykylýar

Dükanlar köçäniň ugry boýunça geçirilýän 'abatlaýyş' işleriniň çäginde ýykylýar.

Hususy söwdegärler ýykylýan dükanlary üçin hökümet tarapyndan hiç hili kompensasiýanyň berilmeýändigini aýdýarlar.

Dükanlar bilen birlikde söwdegärleriň ammarlary hem ýykylýar.

Dükan eýeleri degişli rugsatnamalarynyň bardygyna hem garamazdan, ýykylýan ýerleriniň öwezine täze ýerleriň hem berilmeýändigini aýdýarlar.

Ýumrulýan dükanlar

Dükanlardan galan gurluşyk materiallary ulaga ýüklenýär.