Düşekde ýatan büdremez

Germaniýa, "Ýapon ylhamy", Folkwang muzeýi, Essen

Ýaponlar, halk pähimlerinden çen tutulsa, adamyň "rowaçlyk gazanmazlygynyň sebäbini synanyşmazlykda" görýärler. "Eger sen synanyşsaň, üstünlik gazanmagyň mümkin, eger synanyşmasaň, üstünlik gazanmarsyň, bu hemme zatda şeýle" diýip, ýapon pähiminde aýdylýar.

Şeýle-de olar gaýtalanýan şowsuzlygyň rowaçlyga eltýändigini aýdýarlar. Türkmen aga "Ýykylan göreşden doýmaz" diýýän bolsa, ýaponlar "Ýedi gezek ýykyl, sekiz gezek dikel" diýýärler. Azatlygyň okyjylaryna bu penşenbede ýapon atalar sözleriniň terjimesinden kiçijik bir çemen hödürlemegi makul bildik.

Ýapon pähimleri

Biz ýeňişden az, ýeňlişden köp sapak alýarys.

Ýüregiň gözel bolsa, hemme zat gözel görner.

Eger sen hemme zada düşünen bolsaň, saňa nädogry maglumat berlendir.

Çözüp bolýan mesele üçin ynjalykdan gaçma, çözüp bolmaýan mesele üçin bimaza bolma.

Gidýäni saklama, geleni kowma.

Adamlar özlerinden pul dilände, hudaýlar diňe gülýär.

Kapasa owadan guş gabalar.

Erbediň dosty bolandan gowy adamyň duşmany bolan ýagşy.

Eger adamyň gylyk-häsiýetinden baş çykaryp bilmeseň, onda onuň dostlaryna seret.

Adaty adamlar bolmasa, beýiklerem bolmaz.

Çyny bilen ýokary galmak isleýän basgançak oýlap tapar.

Är-aýal el bilen göz ýaly bolmaly: el agyrsa, gözden ýaş geler, gözden ýaş gelse, el ony sylar.

Gün ne sagy, ne-de soly biler. Gün kimdir birini gyzdyraýyn diýip nur saçmaz. Özüni tapan güne meňzär.

Deňiz kiçijik derýalara seňrigini ýygyrmaýandygy üçin beýikdir.

Içýän çakyryň zyýanyny, içmeýän bolsa peýdasyny bilmez.

Ömrüňde bir gezek gerek bolsa-da, gylyjy hemişe götermeli.

Owadan güller gowy hasyl getirmez.

Gaýgy-gamy, ýyrtyk köýnek ýaly, öýde goýmaly.

Düşekde ýatan büdremez.

Bir ýagşy söz gyşyň üç aýyny maýladyp biler.

Samsyk bilen dälä ýol ber.

Şahanyň suratyny çekýärkäň ýeliň dem alşyny eşitmek gerek.

Adama şübhelenmezden öň, ýedi gezek barla.

Eliňden geleniniň ählisini et, galanyny ykbala goý.

Adatdan daşary dogruçyllyk akmaklyga golaýdyr.

Gülünýän öýe bagt geler.

Ýeňiş garşydaşyndan ýarym sagat artyk çydana ýeter.

Ýapragyň gark bolup, daşyň ýüzýän wagtam bolýar.

Güler ýüzden ok geçmez.

Sowuk çaýa, sowuk tüwä çydap bolar, emma sowuk garaýyş bilen sowuk sözlere çydamak kyn.

Soramak - bir minutlyk utanç, bilmezlik - ömürlik.

Ýaramaz ussanyň elinden hiç wagt gowy küýze çykmaz.

Çuň derýalar sessiz akýar.