Türkmen prezidenti Pakistanda TOPH-y maslahat eder

Hindistanyň wise-prezidenti Hamid Ansari (çepden saga), Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif, Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani we Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow TOPH proýektiniň düýbüni tutmak dabarasynda, Türkmenistan, 13-nji dekabr, 2015.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistana edýän iki günlük saparynyň dowamynda Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana gaz geçirijisiniň çekilmegi bilen bagly meseläni maslahat etmegine garaşylýar.

TOPH proýektiniň regionyň energiýa bolan talabyny ödemek maksadyny öz öňünde goýýar.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif 16-njy martda Yslamabatda Berdimuhamedowy kabul etdi.

Türkmen prezidentiniň bu saparyna, esasan-da, Orsýetiň türkmen gazyny satyn almakdan ýüz öwüren wagtynda uly ähmiýet berilýär.
Milliardlarça dollarlyk proýekt geçen ýylyň dekabr aýynda Mary şäherinde dört ýurduň liderleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda durmuşa geçirilip başlandy.

Pakistanyň premýer-ministri Şarif 2013-nji ýylda hökümet başyna geçeli bäri TOPH proýektiniň Pakistany energiýa bilen üpjün etmegine ynam bildirýär.