ABŞ: Lesin 'kellesine ýeten şikesden' öldi

Mihail Lesin

Waşingtonyň resmileri noýabr aýynda ABŞ-nyň paýtagtynyň myhmanhanasynda öz otagynda öli tapylan Orsýetiň öňki metbugat-ministri Mihail Lesiniň “kellesine ýeten şikeslerden” ýogalandygyny we geçirilen barlaglaryň Wladimir Putiniň öňki ýaranynyň öldürilendigini çak etmäge esas berýändigini aýtdylar.

Medisina barlaglary boýunça edarasynyň ýolbaşçysynyň 10-njy martda çap edilen hasabatynda Lesiniň ölümine sebäp bolan beýleki faktorlaryň arasynda onuň boýnuna, bedenine, eline we aýagyna “güýç bilen ýetirilen şikesleriň” ençemesiniň bardygy aýdyldy. Resmiler Lesiniň ölümi bilen bagly işiň entek tamamlanmandygyny aýtdylar.

Lesiniň jesediniň 5-nji noýabrda Waşingtonyň Dupont myhmanhanasynda tapylmagy onuň ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosyna (FBI) ýardam teklip edensoň öldürilendigi baradaky çaklamalary döredidi.

Putiniň goly astynda metbugat ministri bolan döwründe Lesin Kremliň gözegçiligindäki “Gazprom Media” kompaniýasyna gözegçilik edipdi we iňlis dilinde işleýän “Russia Today” (RT) telewideniýesini döretmäge ýardam beripdi.