Bütindünýä bankynyň ýanynda sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkez (ICSID), Arbitrasiýa paneli çarşenbe güni Türkiýäniň hususy kompaniýasynyň Türkmenistana garşy eden 567 million dollarlyk şikaýatyny ret etdi diýip, Law360 neşiri Los Anjelsden habar berdi.
Türk kompaniýasy uly gurluşyk proektleriniň türkmen hökümetiniň ikitaraplaýyn inwestisiýa şertnamasyny bozýan gatyşmasy esasynda togtadylandygyny aýdyp, şikaýat edipdi. Emma 10-njy martda çap edilen habarda türk kompaniýasynyň hökümet resmileriniň birugsat gatyşmasyny görkezip bilmändigi aýdylýar.
Netijede, üç agzaly tribunalyň 175 sahypalyk kararynda «Içkale Inşaat Limited» şirketiniň Türkmenistanyň hökümetinden edýän şikaýaty ret edilýär. Munuň üstesine, Arbitrasiýa paneli türk gurluşyk kompaniýasynyň Türkmenistana, kanun tölegleri we çykdajylary üçin, 1 million ýedi ýüz elli müň dollara golaý töleg tölemegini buýurdy.
Ýatladýarys, «Içkale Inşaat Limited» şirketi 2010-njy ýylyň 10-njy noýabrynda, sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkezine, ICSID, talap bilen ýüz tutupdy we bu iş şol ýylyň 20-nji dekabrynda, agzalan merkeziň konwensiýasynyň 36(3)-njy maddasy esasynda hasaba alnypdy.
Gepiň gerdişine aýdylsa, "Içkale Inşaat Ltd" şirketinden başga, Türkmenistanda işleýän “Kylyç Inşaat Ithalat Ihrajat Sanaýi we Tijarat Anonim", "Adem Dogan" kompaniýalary hem Türkmenistanyň üstünden şikaýat edip, Bütindünýä bankynyň ýanyndaky sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkezine ýüz tutupdy.
Şikaýatçynyň talaplary
Arbitrasiýa paneliniň karary bilen bagly çap edilen maglumatlardan görnüşine görä, şikaýatçy tarap 2007-nji ýylyň martyndan 2008-nji ýylyň iýuly aralygynda, gysga wagtda Türkmenistanyň döwlet guramalary we döwlet edaralary bilen ondan gowrak gurluşyk şertnamasyny baglaşypdyr. Emma şikaýatçy türkmen hökümetiniň iş prosesine keseden gatyşmak, edilmeli işleriň möçberini artdyrmak, ol işleri maliýeleşdirmeli fondlary ýatyrmak netijesinde Ikitaraplaýyn maýa ýatyrym şertnamasyny bozandygyny öňe sürýär.
Şikaýatda aýdylmagyna görä, bu ýagdaýlar firmanyň şertnama esasyndaky işleriniň tölegleriniň düýpli gijikmegine sebäp bolýar. Şeýle-de şikaýatçy şertnamalaryň maliýe şertleriniň üýtgedilendigini, bank hasaplarynyň goşmaça salgyt töleginiň tölenilmändigi üçin baglanylandygyny, adalatsyz jerimeleriň salnandygyny öňe sürýär.
Mundanam başga, türk şirketiniň şikaýatynda iş ýüzündäki şertnamanyň kanuny taýdan esaslandyrmazdan togtadylandygy, öňünden habar bermezden we gatnaşdyrylmazdan sud prosesiniň başlanylandygy aýdylýar. Bu proses netijesinde şikaýatçy tarapyň maşynlary we enjamlary konfiskasiýa edilýär we olara jerime salynýar.
«Içkale Inşaat Limited» şirketi Türkmenistana maýa harçlanydygyny, ýagny bu ýurtda öz bölümini döredendigini we gurluşyk proýektleri üçin tehnika, enjam getirendigini aýdyp, çeke zyýanynyň deregine, öwez puly hökmünde, jemi 537 million amerikan dollarynyň we 26.7 million ýewronyň tölenmegini talap edýär.
Aşgabat şikaýat esassyz diýýär
Türkmenistan Arbitrasiýa tribunalynda türk firmasynyň edýän şikaýatlarynyň bir bir esasynyň ýokdugyny aýdypdyr. Resmi Aşgabadyň tribunala beren jogabynda aýdylmagyna görä, şikaýat edýän türk firmasynyň öz baglaşan 13 şertnamasy boýunça boýun alan düýpli işlerini amal etmek üçin dolandyryş, tehnika, adam we maliýe serişdeleri ýeterlik bolmandyr.
Biraz yza çekilsek, Türkiýäniň «Hürriýet» gazeti 2011-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda işleýän türk firmalarynyň bir bölegine tamamlanan proýektler üçin 1 milliard dollar töwereginde iş hakynyň tölenmeýändigini habar beripdi.
Türk metbugaty şol wagt Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bilen Döwlet ministri Zafer Çaglaýanyň Türkmenistana eden bir günlük saparynyň 25 çemesi türk kompaniýasynyň Türkmenistandan almaly diýilýän algysy bilen baglydygyny ýazypdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň iýun aýynyň başynda geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň bitiren işleriniň haklaryny öz wagtynda hem yzygiderli alýandyklaryny aýdypdy.