Täjigistanyň mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda ýurduň prezidentiniň ýöredýän syýasatyny taryplamak boýunça düzme bäsleşikleri geçirilýär. Emomali Rahmona ýakynda “milletiň lideri” diýen lakam hem berildi.
Ol özüniň “Onuň alyhezreti, jenap prezident” diýlip atlandyrylmagyny gowy görýär. Täjigistanyň deputatlarynyň biri ony “bagtyň çyragy” diýip hem atlandyrypdy.
Täjigistanda prezidentiň şahsyýet kultunyň barha möwjeýän döwri, ýurtda režime garşy çykýanlar türmelere basylýar, garaşsyz habar serişdeleri hem gysylýar.
“Mejlisiň” şu günki sanynda biz Täjigistan, şeýle-de onuň türkmen ýolbaşçylaryndan görelde alýana meňzeýän prezidenti Emomali Rahmonyň şahsyýet kulty barada gürrüň ederis.
Täjigistanda häzirki bolup geçýän zatlaryň sebäpleri näme we onuň nähili mümkin netijeleri bolup biler diýen soraglaryň üstünde kelle döwýäris.
“Mejlisiň” bu günki myhmanlary:
Edward Lemon: - Ekster Uniwersitetiniň Täjigistan boýunça ylmy işgäri;
Steve Swerdlow: Human Rights Watch guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi
Bruce Pannier: Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meselelerine bagyşlanan “Kişlog owazy” blogunyň redaktory.
Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhamad Tahir alyp barýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar