Azerbaýjanyň Nahçiwan sudy oppozisiýa aktiwistini sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Babek etrap sudy 3-nji fewralda Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasynyň agzasy Zeýnalabdin Bagirzadany häkimiýetlere zorlukly garşylyk görkezmekde günäli tapdy.
Ol noýabrda tussag edilipdi. Bagirzada 2012-nji ýylda galplyk üçin şertli tussaglyga höküm edilipdi. Indi bolsa ol sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Bagirzadäniň dogany Ýaşar Bagirsoý, Halk fronty partiýasynyň regional bölüminiň başlygy, bu işiň syýasy matlaplydygyny aýdýar.
Nebite baý Azerbaýjan garaşsyz žurnalistleri, adam hukuklaryny goraýjylary we graždan jemgyýeti aktiwistlerini türmä basmakda ýakasyny tanadan ýurt hasaplanylýar.