Berdimuhamedowyň 'täze döreden' kitaby çykdy

Gurbanguly Berdimuhammedow

Türkmen mediasynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde maslahata gatnaşyjylara özüniň «täze döreden» «Paýhas çeşmesi» atly kitabyny sowgat berdi.

Türkmen TW-si Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip: «Biziň ata-babalarymyzyň geçmişde aýdan pähimleri, dana sözlerine bagyşlanan öz kitabymy ýazyp gutardym, şu gün ine size hemem mähriban halkyma bu «Paýhas çeşmesi» diýen kitabymy ine gowşurjak» diýen sözlerini efire berdi.

TDH-nyň rus dilinde çap eden maglumatyna görä bolsa, döwlet baştutany "birnäçe ýylyň dowamynda türkmen halkynyň ruhy medeniýetiniň dürli çeşmelerinden maglumat toplandygyny we indi ol bahasyz materialyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň kollektiwiniň tehniki bezegi esasynda «Paýhas çeşmesi» ady bilen çapdan çykandygyny" aýdypdyr.

Şol bir wagtda prezidentiň toplan nakyllarynyň ozal, sowet döwründe dürli adamlar tarapyndan toplanan we halka ýetirilen nakyllar bilen nähili arabaglanyşygynyň bardygy, ýagny olaryň öňden belli, çap edilen pähimlerdigi ýa-da täze tapylan, täzeçe işlenen mirasdygy aýdylmaýar.

Türkmen habar serişdeleri 30-njy ýanwarda, Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde prezidentiň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasynyň bolandygyny we bu çäräniň aýdym-saz bilen utgaşandygyny habar berýärler.

Prezident Berdimuhamedowyň täze kitabynyň näçe nusgada çap edilendigi aýdylmaýar.