Dollar çäklendirmesi we reaksiýalar

Türkmenistanda dollar satylýan wagtynda bolan nobatlar

Türkmenistanda 12-nji ýanwardan başlap, ýurtda ilata daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizildi we indi fiziki şahslar daşary ýurt walýutasyny diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satyn alyp bilerler.

Eýsem, ýurtda dollaryň satuwy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanly zähmet migrantlaryna we bilim alýan studentlere nähili täsir ýetirýär?

Olar bu täze düzgüne nähili reaksiýa bildirýärler? Şeýle-de, Türkmenistanda girizilen dollar çäklendirmesi daşary ýurtlar bilen durmuşy baglary bolan maşgalalara nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistanyň dollar meselesiniň daşary ýurtlar bilen baglanyşykly raýatlaryna ýetirýän täsirine gönükdirýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Dollar çäklendirmesi we reaksiýalar