“Obamyzda çagalar bagy ýok”

Oturgyçda oturan türkmen zenany.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda mekdepdir, çagalar baglary ýaly sosial-durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurulýar. Emma muňa garamazdan, ýurduň dürli künjeklerindäki obalaryň ençemesinde çagalar baglarynyň ýokdugy habar berilýär.

Şeýle obalaryň biri hem Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýär. Müsür obasyndan özüni Hallygözel diýip tanyşdyran kärendeçi zenan öz obalarynda çagalar bagynyň ýokdugyny aýdyp, munuň ilata ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Obamyzda çagalar bagy ýok”